BMG-nyň habarnamaçylary tarapyndan berlen bilelikdäki ýazmaça beýannamada, “Ähli ýurtlar BMG-na agza 146 ýurduň edişi ýaly, Palestin döwletiniň ykrar edilmegi we Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin syýasy we diplomatiýa taýdan ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaly”diýildi.
Beýannamada, Palestin döwletiniň ykrar edilmeginiň, palestin halkynyň hak-hukuklarynyň, azatlyklarynyň we garaşsyzlyk ugrundaky göreşleriniň kabul edilmegi hökmünde görülýändigi nygtaldy.
Beýannamada, palestin halkynyň öz gelejegini kesgitlemek hukugyna eýedigi nygtalyp “Bu Gazzada hüjümleriň gyssaly bes edilmegi we Rafaha has uly hüjümiň guralmazlygy bilen başlap, Palestinada we tutuş Ýakyn Gündogarda yzygiderli parahatçylygyň alynky şertidir” diýildi.
Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Palestin topraklarynyn soňky gezek Norwegiýa, İrlandiýa we İspaniýa tarapyndan döwlet hökmünde yrkar edilmegine kanagatlanma bildirlen beýannamada, 28-nji maýda Palestinanyň, BMG-na agza ýurtlaryň esasy bölegi tarapyndan ykrar edilendigi nygtaldy.
Beýannamada “Iki döwletli çözgüdiň hem Palestinanyň hem-de Ysraýylyň parahatçylygy we howpsuzlygy taýdan ýeke-täk çykalga bolmagynda galýar” diýildi.