2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen köpýyllyk özara hereketletiň giň toplumy boýunça netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.Ulag, söwda, energetika, daşky gurşawyň goragy ulgamlarynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagynda BMG ÝYK-nyň wajyp orny bellenilip geçildi, ol bolsa häzirki pandemiýa döwründe aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolup durýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da sebitiň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we itegrasiýanyň giňeldilmegine, ekologiýa howpsuzlygynyň we energiýa netijeliliginiň saklanylmagyna ygrarlydygy bellenildi.
Durnukly ulag ulgamynyň derwaýyslygy barada gürrüň edip, taraplar Içerki ulag boýunça toparyň (IUT) çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtadylar.Türkmen tarapynyň halkara ýol gatnawlary meseleleri, ýük daşamalarynyň we ulag ugurlarynyň sazlaşyklylygy boýunça IUT-yň iş toparlarynyň mejlislerine işjeň gatnaşmak arkaly bu hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi.
Türkmenistanyň Hökümetiniň multimodal daşamalaryň giňeldilmegi ugrundaky tagallalary BMG-niň çäklerindäki köpsanly halkara başlangyçlarynda, şol sanda ýurt tarapyndan milli derejede durmuşa geçirilýän anyk hereketlerde öz aýdyň beýanyny tapýandyr. Şu ýyl Türkmenistan ulag ulgamyndaky ençeme ähmiýetli halkara-hukuk resminamalaryna goşuldy.
Olaryň hatarynda BMG-niň alty sany Konwensiýasy bolup, olar beýleki zerur wezipeler bilen ugurdaşlykda halkara ýol hereketiniň kämilleşdirilmegine itergi bermäge gönükdirilendir.Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerindäki hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy, ol ählitaraplaýyn ösüşiň ileri tutulýan wezipeleriniň berjaý edilmegi babatynda gatnaşyjy-ýurtlaryň zerur bolan mümkinçilikleriniň işjeňleşdirilmegine çagyrýandyr.
Türkmen tarapynyň SPEKA BMG-niň howandarlygy astynda hereket edýän möhüm sebitleýin meýdança hökmünde garaýandygy bellenildi we onuň sebitiň ýurtlary bilen onuň geljekki ykdysady ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de degişli kararlary kabul etmäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň SPEKA başlyklyk etmeginiň netijeliligi bellenilip geçildi.
Aşgabatda Iş toparlarynyň mejlisleri, hususan-da, Arabaglanyşyk: SPEKA sebitinde durnukly ulag we ösüş hem-de söwdanyň ýeňilleşdirilmegi mowzugy boýunça SPEKA-2019 Ykdysady forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi we onuň jemleri boýunça Aşgabat Başlangyjy kabul edildi.
Türkmen tarapynyň sebitleýin bazaryň hem-de serhetüsti üpjünçilikleriň pugtalandyrylmagy babatynda SPEKA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi, çünki ol SPEKA ýurtlarynyň ählisiniň ykdysadyýetleriniň özara we beýleki sebitler bilen baglanşyklylygyna oňyn täsirini ýetirmek arkaly, SPEKA sebitine täze maýa goýumlaryň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çekilmegine itergi bermäge gönükdirilendir.
Taraplar şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) bilermenleriniň teklipleriniň nazarda tutulmagy bilen, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, BMG ÝYK hem-de ESKATO Maksatnamanyň işiniň umumy goldawyny üpjün edýändir. Şunlukda, bu Maksatnamanyň gurluşyny kämilleşdirmegiň we işini özgertmegiň, şol sanda SPEKA-nyň Maksatlaýyn gaznasynyň hem-de onuň Sekretarynyň döredilmeginiň meselelerine seredilip geçildi.
BMG ÝYK bilen, hususan-da beýlekiler bilen bir hatarda DÖM-na ýetmekde sebitleýin gatnaşyklaryň durmuşa geçirilmegini ileri tutýan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde özara hereketleriň giňeldilmegi dogrusynda pikir alyşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar häzirki hereket edýän we geljekki başlangyçlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegine ynam bildirdiler.