BMG-nyň işgäri: "Ysraýyl Gaza berilýän kömekleri petikleýär" diýdi

BMG-nyň işgäri: "Ysraýyl Gaza berilýän kömekleri petikleýär" diýdi

Filipp Lazzarini Müsüriň hökümetine ýakyn bolan Al-Kair Al-Ihbariýýe kanalyna beren beýanatynda, Gazanyň ýagdaýynyň üstünde durup geçdi.

Filipp Lazzarini: "Müsür tarapy wakalaryň başlamagyndan bäri Refah gümrük geçelgesini bir gün hem ýapmady. Gaza sektoryna kömekleriň ýetirilmegine böwet bolýan we petikleýän beýleki tarapyň (Ysraýyl) düzgünleridir" diýip mälim etdi.

BMG-nyň Palestinaly bosgunlara kömek agentliginiň (UNRWA) baş komissary Filipp Lazzarini Ysraýylyň tapawut goýmadan guraýan hüjümlerine ünsleri çekip: "Dünýä Ysraýylyň ölüm maşynynyň bigünä adamlary gyryp öldürmeginiň janly şaýady boldy" diýip aýan etdi.

Hamasyň ýaragly şahasy Kassam topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjüm başladandygyny habar beripdi.

Ysraýylyň goşuny bolsa oňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" ady bilen operasiýa başladandygyny beýan edipdi.

Başdan geçirilýän dartgynlykda takmynan 24 müň palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Hamas Ýesir Çalşygyny Yza Süýşürdi
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar
Ýagşylyk Gämisi Müsüre Bardy
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Gaza Ýene-de 22 Palestinalynyň Jesedi Tapyldy
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy