BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Russiýanyň galla geçelgesi ylalaşygyna dolanmagy üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla eden Türkiýä sag bolsun aýtdy.
Guterreş, metbugat sekretary Stefan Dužarriç arkaly beren beýannamasynda, Russiýanyň Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygyna dolanmagyndan hoşaldyklaryny belledi.
Türkiýä eden diplomatik tagallalary sebäpli sag bolsun aýdan Guterreş, ylalaşygyň dowam etmegi we Russiýanyň azyk we dökün önümleriniň eksport edilmeginiň öňündäki bökdeçligiň ortadan aýrylmagy üçin degişli taraplar bilen gepleşik geçirmäge dowam edýändigini belledi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow hem, BMG-nyň we Türkiýäniň goldaw bermeginde, galla ylalaşygy meselesinde Ukrainanyň ýazmaça kepilnama berendigini mälim edipdi.