Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen bolan duşuşygynda möhledi 18-nji martda gutarýan Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny nygtady.
Zelenskiý paýtagt Kiýewde BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen bolan duşuşgyndan soň metbugata beýannama berdi.
Russiýanyň gözegçiligi astynda bolan Zaporoýžýe atom bekedi bilen hemle atýandygyny nygtan Zelenskiý, “Atom bekedi dolulygyna Ukrainanyň gözegçiligi astynda bolmaly. Bu diňe Ukrainanyň däl eýsem halkara howpsuzlyk meselesidir” diýdi.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen bolan duşuşygynda möhledi 18-nji martda gutarýan Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Zelenskiý “Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň 18-nji martdan soň hem dowam etdirilmegi bütin dünýä üçin diýseň möhüm we bu mesele boýunça ylalaşyk gazandyk” diýdi.
BMG-nyň Baş sekretary Gutereş hem Russiýany Ukraina hüjüm guramakda günäkärledi we BMG hökmünde Ukrainanyň bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändiklerini nygtady.
Guterreş, Zaporožýe atom bekediniň howpsuzlygynyň we goralmagynyň diýseň möhümdigini we sebitiň dolulygyna esgerden saplanmalydygyny aýtdy.
Guterreş, geçen ýyl Stambulda gazanylan Gara deňiz galla geçelgesi arkaly şu günki güne çenli Ukrainanyň portlaryndan 23 million tonnadan gowrak gallanyň eskport edilendigini ýatlatdy.