BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abeba şäherinde 6-njy gezek geçirilýän Afrika-BMG Ýyllyk konferensiýasyndan soň, metbugata beýannama berdi.
Antoniu Guterriş Afrika materigi üçin parahatçylyk çagyryşyny berip: "Şu gün guramalarymyzyň materikde parahatçylygy üpjün etmek üçin näme işler edýändikleriniň üstünde durup geçdik. Afrika parahatçylyga mynasyp we oňa zerurlygy bar" diýip belledi.
BMG-nyň Baş sekretary parahatçylygyň hemişe gerekdigini, emma onuň üpjün edilmeginiň kyndygyny beýan etdi.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Efiopiýanyň Premýer ministri Abid Ahmed we Afrika Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Moussa Faki Mahamat bilen duşuşyklar geçirdi.
Konferensiýada Afrikada adam hukuklary, howanyň çalşygy, howpsuzlyk we galkynyş ýaly ugurlar maslahatlaşyldy.