Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasy: halkara parahatçylygynyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk atly Halkara maslahat geçirildi. Forum BMG-nyň 75 ýyllygyna we ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
Maslahatyň işine ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem ýerli we daşary ýurt KHBS-niň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Forumda wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow çykyş etdi. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG bilen gatnaşyklaryň strategik häsiýetlidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesine esaslanyp, häzirki döwürde ählumumy ösüşiň täzeden täze ugurlaryny we wajyp meselelerini özüne birleşdirýän bu gatnaşyklar barha ösdürilýär.
R. Meredow öz çykyşynda BMG bilen hyzmatdaşlygyň ösüşiniň wajyp tapgyrlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Hökümtei bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi, oňa şu ýylyň mart aýynda gol çekildi.
Türkmenistan BMG-nyň ýörite gurluşlary bilen ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmeklige gönükdirilen netijeli iş alyp barýar.Mysal üçin, geçen ýylyň dowamynda ýurduň çäginde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy durmak, şeýle hem pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň Türkmenistandaky edarasy, BSG-nyň ýurt boýunça edarasynyň we BMG-nyň beýleki agentlikleri bilen netijeli özara hereketi netijesinde döwlet derejesinde degişli meýilnamalar işlenilip taýýarlanyldy hem-de tassyklanyldy.
2019-njy ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda ýokary derejeli syýasy forumda Türkmenistanyň Meýletin milli hasabaty bilen tanyşdyryldy. Döwlet derejesinde halkara konwensiýalaryna, şol sanda ynsanperwer, söwda, ulag, daşky gurşaw we başga-da ençeme ugurlarda halkara konwensiýalaryna goşulmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak we köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek jähtinden parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň Dostlarynyň topary döredildi.
Forumda şeýle hem BMG-nyň ÖM-nyň wekili Natiýa Naswlişwili, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin, ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit Merkeziniň ýobaşçysynyň orunbasary Filipp Saprykin, ÝuNISEF-iň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska çykyş etdiler.
Halkara derejesinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi gazanmakda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň uly ähmiýeti baradaky pikir çykyşlaryň içinden eriş-argaş bolup geçdi.