BMG-niň ýörite wekili Siriýanyň gelejegi hakynda pikir alyşmak üçin HTŞ-nin liderleri bilen duşuşdy

BMG-niň ýörite wekili Siriýanyň gelejegi hakynda pikir alyşmak üçin HTŞ-nin liderleri bilen duşuşdy

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Siriýadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşmak üçin Haýat Tahir al-Şamoň (HTŞ) lideri Ahmad aş-Şara bilen duşuşdy.

Siriýanyň wagtlaýyn hökümetinden alynan maglumata görä Geir Pedersen Başar Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden bäri ilkinji gezek Damaska sapar edip, Şara bilen duşuşdy.

Şara Duşuşykda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararynyň Siriýadaky bar bolan şertlere utgaşdyrylmagy üçin özgerdilmelidigini nygtady.

Siriýalylaryň başdan geçirýän kynçylyklarynyň çözülmegi üçin gyssagly we netijeli hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

“Siriýanyň Halky Üçin Taryhy Pursat”
Ahmed Şara Siriýanyň Wagtlaýyn Prezidenti Boldy
Ibrahim Kalyn Siriýada saparda boldy
8-nji Dekabr Siriýada “Milli Baýram” Hökmünde Yglan Edildi
Numan Kurtulmuş siriýalylaryň ýurtlaryna gaýdyp barmaklary bilen bagly beýanat berdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Siriýada başdan geçirilen wakalar barada beýannama berdi