BMG-niň Wekiliýeti Garabaga Saparda Boldy

BMG-niň Wekiliýeti Garabaga Saparda Boldy

BMG, Garabaga baran wekiliýetiniň ermeni ilata hüjüm edilendigi bilen bagly delillere gabat gelinmändigini, sebitde jemgyýetçilik infrastrukturanyň nyşana alynmandygyny görendiklerini beýan etdi.

BMG-niň Metbugat sekretary Stepan Dužarrij Azerbaýjanyň hökümetiniň çakylygyna laýyklykda hepdäniň ahyrynda Garabaga BMG-niň wekiliýetiniň guran sapary hakynda maglumat berdi.

Wekiliýetiň sebitdäki gumanitar zerurlyklaryny anyklamaga çalşandygyny aýdan Dužarrij, wekiliýetiň düzüminde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, ÝUNISEF-iň, Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygyň we BMG-niň Gumanitar işleri utgaşdyryjy ofisiniň wekilleriniň bolandygyny mälim etdi.

Dužarrij wekiliýetiň Laçyndaky serhet gözegçilik nokadynda we Hankendi şäherinde barlaglar geçirendigini beýan edip; “Wekiliýet, ermeni ilatyna hüjüm edilendigi bilen bagly delillere gabat gelinmändigini, sebitde jemgyýetçilik infrastrukturanyň nyşana alynmandygyny görendiklerini beýan etdi” diýdi.

Hassahanalar, mekdepler, öýler, dini we medeni merkezleriň nyşana alynmandygyny we Azerbaýjanyň saglyk üpjünçiligini gaýtadan üznüksiz dikeltmek üçin işe girişendigini beýan eden Dužarrij, ekin meýdanlaryna we malllara hem zyýan ýetirilmändiginiň görülendigini nygtady.

Dužarrij wekiliýetiň sebitdäki ermeni jemagatynyň wekilleri bilen hem duşuşandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär
Azerbaýjan Hankendide ermeniler tarapyndan gurulan parlament binasyny ýumurýar
2020-nji Ýylda Gutaran Garbag Urşundan Bäri Minalar Sebäpli 68 Azerbaýjan Raýaty Pida Boldy
Azerbaýjan, Garabagyň Gaýtadan Dikeldilmegi Üçin 12,9 Milliard Dollar Sarp Etdi
Belarusyň Prezidenti Lukaşenko Azerbaýjanda Saparda Bold
Azerbaýjan we Ermenistan Serhetleriň Kesgitlenmegi Hakyndaky Teswirnama Gol Çekdi