BMG-niň ilatly ýerler maksatnamasynyň çagyryşy

Şäherleriň ösüşi meýilleşdirilende dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alynmalydyr. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň ilatly ýerler maksatnamasy BMG-Habitat-yň Ženewada neşir edilen hasabatynda mälim edilýär. 1,7 müňden gowrak ilatly ýerleriň umumy ýagdaýynyň seljermesine esaslanan bu barlag şäherleriň has ýaşyl we sagdyn bolmalydygyny öňe sürýär.

Hasabatyň awtorlarynyň pikiriçe, jaýlaryň ýygjam ýerleşmezligi üçin binalaryň dizaýny täzeden gözden geçirilmeli, howa çalşygy ulgamlarynyň işleýşini üpjün edip durmaly.Pandemiýa döwründe ýaşaýjylaryň bagy-bossanlyga bürenen ýerlere elýeterliligine hem aýratyn üns berilmelidir.

Bulardan başga-da, daşarky giňişlikde konseptual üýtgeşmeler, şeýle hem pandemiýa döwründe ulanylmaýan desgalaryň saglyk öýlerine öwrülmegi zerur hasaplanyp bilner. Şeýle hem şäher giňişliklerini akylly-başly ulanyp, üýtgeýän zerurlyklara çalt uýgunlaşdyrmak üçin ýerli düzgünlere täzeden garamak teklip edilýär.

Şäherler meýilnamalaşdyrylanda pyýadalar üçin mümkinçilikleri gowulandyrmaga üns jemlenmelidir diýip, BMG-Habitat taslamasynyň wekilleri belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetçilik ulaglary ýaşaýjylar üçin howpsuz, elýeterli we ygtybarly bolmalydyr.

Şäherler dinamikanyň we innowasiýanyň hereketlendirijisi bolup, ösüşdäki kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edip biler diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş bu hasabat bilen baglanyşykly pikirini mälim etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň ilatly ýerler maksatnamasy BMG-Habitat-yň ýerine ýetiriji direktory Maýmuna Mohd Şerif öz gezeginde, ýaşaýyş jaý abadançylygyna, esasy hyzmatlara, ulag ulgamynyň ösüşine we gatnawlara aýratyn üns bermek bilen şäherlerdäki beýleki ulgamlaýyn meseleleriň çözülmelidigini belledi. Onuň bellemegine görä, bu iş ýerlerini goramaga we şäherlere maliýe goldawyny bermäge ýardam berer.

The post BMG-niň ilatly ýerler maksatnamasynyň çagyryşy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
14.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyna we Premýer-ministrine mekdepdäki ýangyn zerarly gynanç bildirdi
3-nji çempionlygy
08.02.2019 | Türkmenistan - Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan - Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk