BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenabatda basketbol ýaryşyny geçirdi

BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenabatda basketbol ýaryşyny geçirdi

Türkmenabat şäherinde Ilat gaznasy we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler meýilnamasyny milli derejede durmuşa geçirmek bilen bagly maslahat üstünlikli geçirildi.

Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde Kümüş halka ady bilen geçen basketbol boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiliginiň ýeňijilerine sylag gowşurylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we döwletimiziň oňyn hyzmatdaşy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Lebap welaýatynyň degişli edara-kärhanalarynyň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň raýatlary, sport janköýerleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmen sporty gazeti habar berdi.

Ýaş gyzlaryň we oglanlaryň gatnaşmagynda geçen Kümüş halka atly ýaryş diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Kümüş halka atly basketbol ýaryşynyň ýeňijileri bäsleşigiň üçünji gününde yglan edildi.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda Türkmenabadyň birinji, ikinji we üçünji toparlary öňdäki üçlügi düzdüler. Oglanlaryň ýaryşynda Çärjew etrabynyň Farap topary hemmelerden rüstem çykdy. Türkmenabadyň birinji we ikinji toparlary şondan soňky orunlary eýelemegi başardylar.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
Arassa Kümüş Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ulagy arassalaýyş hyzmatyny hödürleýär
Kümüş Ýüpek dükanynda halylaryň ähli görnüşine arzanladyş yglan edildi
Erkekleriň Milli Ýygyndysy Gimnastikada Kümüş Medal Aldy
Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýaşlar ýygyndysy Ýewropanyň açyk kubogyny üç medal bilen tamamlady
Kümüş Ýüpek dükanynda haly we haly önümlerine 50% arzanladyş dowam edýär