BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly

Ministrlikden berilen ýazmaça beýannamada Ysraýylyň BMG-niň Liwandaky wagtlaýyn parahatçylyk güýjüne (UNİFİL) guran hüjümine reaksiýa bildirildi.

UNİFİL-iň sebitiň howpsuzlygyna goşant goşmak üçin iş alyp barýandygyna üns çekilýän beýannamada; “Ysraýylyň urşy sebitleýin derjä ýetirmek ugrunda hereket edýändigi göz öňünde tutulanda UNİFİL-iň pozisiýasa hasam möhüm. Ysraýylyň UNİFİl-e yzgiderli häsýetde hüjüm etmegi Netanýahunyň we ýolbaşçylyk edýän hökümetiniň Liwany basyp alma syýasatyny alyp barýandygyny we her şertde ýarag ulanmaga taýýardygyny delillendirýär” diýilýär.

Beýannamada BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň, BMG-niň harby güýçlerini gönüden ornaşdyrandygy, Geňeşiň agzalarynyň Ysraýylyň BMG-niň howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümleriň öňüni almakdan jogapkärdigi nygtalýar.

Beýannamada ähli döwletlere Ysraýyla we Ysraýyly ýaraglandyrýan ýurtlara garşy pozisiýa eýelemekleri üçin çagyryş edildi.

Ýene degişli makalalar

Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”
Ysraýyldan Siriýa Howa Hüjümi Guraldy