BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi DEAŞ Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi DEAŞ Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy

Esasanda Russiýadaky hüjüm we Eýranda Ynkylap goragçylarynyň İýerusalim güýjüniň serkerdesi Kasym Süleýmanini hatyralama çaresine guralan pajygaly hüjümleriň terror guramasynyň soňky döwürde geçiren esasy aksiýalarydygy nygtaldy.

Maslahatda esasanda terror guramasynyň Afrikada alyp barýan işleriniň emele getirýän howplary seljerildi.

BMG-niň habarnamasynda Afrikanyň esasy bölüminiň DEAŞ we onuň bilen arabaglanşykly guramalaryň gözegçiligine geçip biljekdigi bellendi.

BMG-niň Terrorizme garşy göreş boýunça resmisi Wladimir Woronkow geňeşe yzgiderli berýan habarnamasynda DEAŞ-yň Günbatar Afrikada we Saheldäki “operasion sferalaryny giňeldendigini we berkidendigini” aýtdy.

Woronkow, ol dowam eden halatynda “Maliden demirgazyk Nigeriýa çenli uzap gidýän giň sebitiň terror guramasynyň gözegçiligine geçip biljekdigini” beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Afrikanyň günbatarynda sil apatlary sebäpli 1 million adam ýaşaýan ýerlerini terk etdi
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýada Sil Sebäpli 16 Adam Ýogaldy
Nigeriýada Ýolagçy Awtobusy Nyşana Alyndy
Türk Resmi Wekiliýeti Nigere Bardy
Bütindünýä ilat güni: sanlar we maglumatlar