Daniýa, Gresiýa, Pakistan, Somali we Panama 2025-2026-njy ýyllar döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalary bolarlar. Bu barada bütindünýä guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdine salgylanýan RIA Nowosti habar berdi.
BMG-niň HG-ine jemi 15 döwlet girýär. Her bäş ýyldan 5 sany hemişelik däl agza-ýurtlar ony terk edýär we olaryň ornuna täzeler saýlanýar.
Hemişelik däl agza bolmak üçin dalaşgär-döwlete Baş Assambleýanyň degişli ýygnagynda zalda oturanlaryň azyndan üçden ikisiniň sesini almak gerek.
Ady agzalan ýurtlar Şweýsariýanyň, Maltanyň, Ýaponiýanyň, Ekwadoryň we Mozambigiň ýerini alarlar. Bu döwletleriň hemişelik däl agza hökmündäki ygtyýarlylyk möhleti şu ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanar.
Bu barada Gazeta.ru ýazýar.