BMG-niň baş sekretary Guterriş Gyrgyzystana bardy

BMG-niň baş sekretary Guterriş Gyrgyzystana bardy

Gyrgyzystana Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterriş sapar bilen bardy, ony Yssykköl halkara howa menzilinde ýurduň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Edil Baýsalow garşylady diýip, MIR 24 ýazýar.

Saparyň çäklerinde baş sekretaryň Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri meýilleşdirildi. Ol şeýle hem ýurduň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen gepleşikleri geçirer. Sebit howpsuzlygy, durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylar. Guterriş Gyrgyzystanda birnäçe halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşar.

Antoniu Guterriş mundan öň Özbegistanda boldy, ol Gyrgyzystandan soňra Gazagystana, Täjigistana we Türkmenistana barar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
Dünýädäki Çaknyşyklarda Asuda Ilatdan Ölenleriň Sany 72 Göterim Artdy
Guterriş: "Bu elhençlik bes edilmeli" diýdi
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar