BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň daşarky kömekleri bes etmek hakyndaky kararyna alada bildirdi.
Guterriş şol kömekleriň dünýädäki goragsyz halklar üçin möhüm ähmiýetlidigini nygtady.
Goşmaça ýeňillikleriň berilmegini talap eden Guterriş, ynsanperwer kömek tagallalarynyň dowam etmelidigini aýtdy.
Trampyň kararyny ABŞ-nyň daşarky kömeklerini daşarky syýasaty bilen utgaşdyrmagy maksat edinýän 90 günlük derňewden soň kabul edendigi habar berildi.
Karar Ukraina we İordaniýa ýaly ýaranlara hem ýaramaz täsir ýetirer.
ABŞü, dünýäniň daşarky kömek berýän esasy ýurdy. 2023-nji ýylda 60 milliard dollara barabar kömek berdi.
Ol ABŞ-nyň jemi býujetiniň 1 göterimine deň gelýär.