BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag boýunça 4 sany Kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag boýunça 4 sany Kararnama kabul etdi

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek we kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulýar.Günbatar — Gündogar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriň taslamalaryny amala aşyrýar.

Hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) we TRASEKA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge ýakyndan gatnaşýar. Şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen geçiren okuw sapagynda ýurdumyzyň ulag strategiýasy barada jikme-jik durup geçdi.

Biz Türkmenbaşy şäherinde döwrebap Halkara deňiz portuny gurduk.Akina — Andhoý, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça demir ýollary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmaga berdik.Bu işler ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär.

Diýarymyzyň demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglarynyň düzümini-de düýpli döwrebap ýagdaýa getirýäris.Dünýä meşhur kompaniýalaryň awtobuslaryny, ýeňil we ýük awtoulaglaryny yzygiderli satyn alýarys — diýip, türkmen Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça taryhy Kararnamalaryň dördüsini kabul edendigini aýratyn nygtady.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny, Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Kararnamalar kabul edildi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy
Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy
Ýanwar-noýabr: Türkmenistanda konteýner ýük daşamalary 41% ýokarlandy