28-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktoryň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wiorel Gusunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Taraplar bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.Düýn geçirilen Howanyň üýtgemegi çygrynda azyk howpsuzlygy boýunça ikinji maslahatyň ähmiýeti bellenilip, onuň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we global hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüljekdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemeginiň oba hojalygyny alyp barmakdaky däp bolan tejribä üýtgeşmeleri girizýändigi, munuň bolsa dessine çäreleriň görülmegini talap edýändigi bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanda FAO-nyň edarasyny açmak üçin çäreleri güýçlendirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. /* custom css */ .td_uid_15_6749af0b0fdb7_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6749af0b0fdb7_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }