Özbegistanyň Milli Howpsuzlyk Gullugynyň (häzirki wagtda Döwlet howpsuzlyk gullugy DHG) 52 ýaşly öňki ofiseri Türkmenistanyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, 15 ýyl azatlykdan mahrum edilen Odilbek Ýuldaşewiň aklawçysy BMG-niň Adam Hukuklary Komitetine ýüz tutup, onuň haýal etmän tussaglykdan boşadylmagyny talap etdi.
Aklawçy Sergeý Maýorowyň aýtmagyna görä, 2011-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanýan Odilbek Ýuldaşew Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň tussaghanasynda saklanan ilkinji günlerinden, gynamalara sezewar edilipdir. Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde Maýorow 29-njy martda 6 bölümden, 70 punktdan we 16 sahypadan ybarat şikaýatynyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň şikaýat bölümine iberilendigi barada resmi habar alandygyny aýtdy.
Maýorow BMG-niň Adam hukuklary komitetine, ýagny raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamada (GSHHŞ) göz öňünde tutulan hukuklaryň bozulandygy baradaky şahsy arzalara seredýän ýeke-täk gurama ýollan arzasynyň bir nusgasyny Azatlyk Radiosyna berdi.
Öz arzasynda aklawçy Odilbek Ýuldaşewiň derhal tussaglykdan boşadylmagyny talap edýär.
Bu talap şikaýaty bäş bölüminden ybarat:
Aklawçy Sergeý Maýorow Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Komitetinden haýyş edýär:
а) Özbegistan Respublikasy Graždanlyk we syýasy hukuklaryň halkara şertnamasynyň GSHHŞ-niň 7-nji maddasyna laýyklykda, O. Ýuldaşewiň hukuklaryny bozandygyny mälim etdi, onuň gynamalara, rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da kemsidiji çemeleşmelere ýa-da jezalara sezewar edilmezlik hukugyny inkär etdi;
b) Özbegistan Respublikasy GSHHŞ-niň 10-njy maddasynyň 1-nji bendine laýyklykda, O. Ýuldaşewiň hukuklaryny ret etdi we azatlykdan mahrum edilenlere adamkärçilikli garamaga we adamyň mertebesine hormat goýmaga hukugynyň bardygyny ret etdi;
ç) Özbegistan Respublikasy GSHHŞ-niň 14-nji maddasynyň 1-nji bendine laýyklykda, O. Ýuldaşewiň hukuklaryny bozandygyny yglan etdi, kazyýet işiniň adalatly we köpçülige açylmak hukugyny inkär edip, oňa bikanun “gizlin” möhüri esasynda, çykarylan hökümi almak we şikaýat işlerini kesgitlemek hukugyny inkär etdi;
d) Özbegistan Respublikasy GSHHŞ-niň 14-nji maddasynyň 3-nji bölüminiň "b" "g" kiçi bölümleriniň hukuklaryny bozup, oňa özüni goramaga ýeterlik wagt bermek hukugyny inkär etdi we özüne garşy görkezme bermäge ýa-da günäkärlemäge mümkinçilik bermedi.
Muňa goşmaça hökmünde aklawçy Sergeý Maýorow öz arzasynda BMG-niň Adam hukuklary komitetinden şulary soraýar:
a) kazyýet, şikaýat we gözegçilik işlerinde esasy kepillikleriň ýokdugy we halkara adalatly kazyýet standartlarynyň berjaý edilmezligi bilen häsiýetlendirilen jenaýat aýyplamasynyň O. Ýuldaşewden aýrylmagyny talap etdi;
b) Özbegistan respublikasyndan Ýuldaşewiň derrew türmeden boşadylmagyny talap etdi;
ç) Özbegistan Respublikasyndan O. Ýuldaşewiň Özbegistan Respublikasynyň graždanlygyny dikeltmegini talap etdi.
Resminamanyň başynda şeýle talaplar üçin, esas bolan argumentler berilýär.
Gynamalarda döwlen gapyrga
Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde Sergeý Maýorow şikaýatda Ýuldaşewiň tussaglykda yzygiderli gynalandygyny görkezýän subutnamalaryň bardygyny öňe sürdi. Onuň sözlerine görä, sorag wagtynda ýörite gullugyň işgärleriniň Ýuldaşewiň gapyrgasyny döwendigini tassyklaýan rentgen suraty bar.
Ýatlatsak, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew 2017-nji ýylyň noýabr aýynda gynamalar wagtynda alnan görkezmeleriň subutnama hökmünde ulanylmagyny gadagan edýän karara gol çekipdi. Resminama görä, gynamalar baradaky islendik hasabat prokuratura we medisina barlagyndan geçirilmeli.
Şol permana laýyklykda, prokurorlara günäkärlenýänlere ýa-da olaryň ýakyn garyndaşlaryna psihologiki ýa-da fiziki täsiriň bolup biljekdigini hökmany barlamak tabşyrylýar.
Prezidentiň "Kazyýet we derňew işlerinde graždanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepilliklerini güýçlendirmek üçin goşmaça çäreler barada" karary 2018-nji ýylyň mart aýyndan güýje girdi.
Ondan öň aklawçy Sergeý Maýorow Azatlyk radiosyna 2018-nji ýylda bu ýörite kararyň esasynda öz müşderisine gynamalary ulanmak esasynda jenaýat işiniň açylmagyny başarandygyny aýdypdy.
Türmä salnanda men Ýuldaşewiň aklawçysy däldim. Ýöne soňra, kazyýet materiallaryny okap tanşanymda, aýyplamanyň düýbünden ýalan subutnamalara esaslanýandygyna düşündim. Bu iki ýyl mundan öňki geçirilen barlaglar wagtynda aýdyň boldy. Ýuldaşewiň garşysyna gynamalaryň bolandygy resmi taýdan tassyklandy. Netijede, ol türmeden boşadylmaly, ony gynamalara sezewar edenler jogapkärçilige çekilmeli diýip, aklawçy Maýorow aýdýar.
Aklawçynyň beren arzasy esasynda, Özbegistanyň Ýokary kazyýeti 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda O. Ýuldaşewiň işine ýaňadan garady we azatlykdan mahrum etmek möhletini 15 ýyldan, 12 ýyla çenli azaltdy.
Özbegistanyň kartasyny türkmenlere beripdir
Sergeý Maýorowyň tassyklamagyna görä, özüne garşy görkezme bermäge mejbur bolan O. Ýuldaşew häzirki wagtda Daşkent welaýatynyň Zangiata etrabynda ýerleşýän UÝa-64/69 koloniýasynda jeza möhletini geçirýär.
Ol Özbegistanyň we Daşkendiň kartalaryny Türkmenistanyň ýörite gulluklaryna gowşurmakda aýyplandy. Kazyýet diňlenişiginde hatda "Goskomzemgeokadastra" aerogeodeziýa merkeziniň direktory Ergaşew hem ýurtlaryň kartalarynyň döwlet syry däldigini tassyklapdyr. Onuň hut özüne garşy görkezme bermeginden başga, derňew işlerinde Ýuldaşewiň günäkärdigine hiç hili subutnama bolmandyr diýip, aklawçy Maýorow aýdýar.
Odilbek Ýuldaşewiň 22 ýaşly ogly Walijon Ýuldaşew kakasy tussag edilenden soň, Daşkendiň “Gwardiýa” köçesinde ýerleşýän Döwlet howpsuzlyk gullugynyň tussaghanasyna äkidilendigini we içalyçylyk edendigini boýun aldyrmak üçin, on gün gynalandygyny, şonda onuň gapyrgasynyň döwlendigini aýtdy.
Tussag edilenden soň kakamy jenaýaty boýun aldyrmak üçin, on günläp üznüksiz ýenjipdirler.Soňky agyr ýagdaý mundan üç ýyl ozal ýüze çykdy. Şonda oňa özüniň günälidigi barada, kamerada gürlemek mejbur edilipdir, ýöne soň şol wideo hiç haçan çykmady.
Biz iki ýyl ozal ahyr soňy kakamyň gynamalara sezewar edilendigi barada, jenaýat işini açmagy başardyk, ýöne kazyýet ol işi möhleti geçipdir diýen bahana bilen ýapdy.Kakamy gynamalara duçar eden jogapkärçilikden gaçyp bildi.
Munuň ýerine kakamyň 15 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny üç ýyl azaltdylar.Görnüşinden, kakamyň aýdyşy ýaly, ol gynamalara sezewar edilipdir diýip, Walijon Ýuldaşew aýdýar.
Içalyçylykda aýyplanma
Odilbek Ýuldaşew Türkmenistanda, Daşoguz şäherinde dünýä inipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda Daşkent Döwlet uniwersitetine okuwa giripdir.
Okuwy gutarandan soň, Odilbek Ýuldaşew dokuz ýyllap Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynda (häzirki Döwlet howpsuzlyk gullugy) derňewçi bolup işläpdir.
1998-nji ýylda Milli howpsuzlyk gullugyndaky işini ýitiren Odilbek Ýuldaşew Günorta Koreýanyň maliýe goldawy bilen Özbegistanda açylan KOICA (Koreýa Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy) mugt kömek guramasyna işe giripdir.
2011-nji ýylda Ýuldaşew Türkmenistanyň haýryna içalyçylyk etmekde we döwlet syrlaryny türkmen tarapyna geçirmekde aýyplanyp, 15 ýyl azatlykdan mahrum edilýär.
Onuň oglunyň aýtmagyna görä, derňew materiallarynda Odilbek Ýuldaşewiň iş hyzmatlary bilen goňşy Türkmenistana häli-şindi gidip gelendigi, Daşkentdäki türkmen ilçihanasyna barandygy hem netijede Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan işe baglanandygy aýdylýar.
Şeýle-de bolsa, Walijon Ýuldaşew bu aýyplamalaryň ählisiniň kakasyna töhmet atmakdan başga zat däldigini öňe sürýär.
Kakamy Milli howpsuzlyk komitetinden gitmäge mejbur eden sebäp, gullugyň ýolbaşçylaryndan uly jenaýata göz ýummak talaby bolupdyr.Oňa: "Esasy jenaýata gözüňi ýumsaň, gullukda galarsyň, ýok’ diýseňem gidersiň" diýlipdir.Kakam muňa razy bolman, ýörite gullukdan çykýar.
Soň bolsa KOICA guramasynda işe ýerleşýär. Şol döwürde kakam köplenç dürli ilçihanalara, şol sanda Türkmenistanyň ilçihanasyna-da barmaly bolýardy.Aýyplaw materiallarynda kakamyň Özbegistandaky hytaý hem rus kompaniýalary barada, Türkmenistanyň ilçihanasyna maglumat berendigi hem munuň üçin dört müň ABŞ dollaryny alandygy aýdylýar. Şol materiallarda ýene-de kakam olara Özbegistanyň kartasyny berendigi öňe sürülýär.
Aslynda bu maglumatlaryň ählisi açyk çeşmelerde elýeterli ahyryn.Mundan başga-da, kakam Daşkent şäheriniň Şahantahur içeri işler bölümi tarapyndan berlen özbek pasportynyň galpdygy üçin günäkärlenýär, kakam şol galp pasporty bilen ýurduň daşyna gidip gelipdir.
Aýyplamalaryň ählisi ýasama, ol günäler basyş we gynamalar astynda oňa boýun aldyrylypdyr diýip, Walijon Ýuldaşew Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Özbegistanda mundan öň hem graždanlary goňşy döwletleriň peýdasyna içalyçylykda aýyplamak bilen baglanyşykly kazyýet derňewi geçirildi.
2013-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynyň hukuk goraýjy guramalary Täjigistan üçin içalyçylykda aýyplanýan üç aýaly tussag etdi.
2014-nji ýylda Kaşgaderýa welaýatynyň dört raýaty Türkmenistanyň haýryna içalyçylykda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Özbek telewideniýesiniň Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň Özbegistana garşy geçirýän "duşmançylykly işlerine" bagyşlanan bir gepleşiginde, özbek-türkmen serhedindäki Tallymerjen suw howdanynyň öňki işgärleri bolan adamlaryň 2009-2010-njy ýyllar aralygynda goňşy döwletiň ýörite gulluklary bilen "hyzmatdaşlyk edendigi" tassyklandy.
Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.