BMG Hüjümleriň Bes Edilmegine Kanagatlanma Bildirdi

BMG Hüjümleriň Bes Edilmegine Kanagatlanma Bildirdi

“Halkra parahatçylygyň we howpsuzlygyň goralmagy” meselesi boýunça maslahatda geçiren BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky çaknyşyklar hakynda pikir alyşyldy.

Maslahatda çykyş eden BMG-niň Syýasy işler derpatamentinde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewrpadan, Orta Aziýadan we Amerikadan jogapkär orunbasary Miroslaw Ýença, iki ýurduň arasynda öňňin gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi.

Ýença BMG-niň taraplaryň bir-birleri hakyndaky günäkärlemeleri hakynda maglumatynyň ýokdugyny beýan edip; “Emma asuda ilata ýetirjek zyýanly täsirlerine uly alada bildirýär we taraplary dartgynlygy azaltmak üçin gyssag hem-de anyk başlangyçlary etmäge çagyrýarys” diýdi.

Hepdäniň dowamynda iki ýurduň arasynda başgan geçirilen wakalaryň sebiti durnuksyzlaşdyrma potensialynyň bardygyny ýatladan Ýensa, halkara jemgyýetçiliginiň taraplaryň arasyndaky bar bolan dartgynlygy azaldyp, parahatçylykly çözgüdiň kadalaryny ýerine ýetirmegi üçin ýokary tagalla etmelidigini nygtady.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 12-nji sentýabr gije we 13-nji sentýabr ir säher Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň Azerbaýjan bilen serhetdeş Daşkesen, Kelbejer, Laçyn we Zengilan taraplarynda giňişleýin meçew bermeleri amala aşyrypdy.

Ýene degişli makalalar

8-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
20.07.2019 | BMG Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy
Nýu-Ýorkda DÖM-yň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy
ÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmenistan daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň sebitleýin duşuşygyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Galyndysyz dünýä boýunça BMG-niň maslahatyna gatnaşdy