Ählumumy howa üýtgemeleri dünýäde hümmetsizlenmäniň ösmegine getirmek bilen, ykdysadyýetleri heläkleýjä öwrülýär. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Saýmon Stil aýtdy diýip, TASS ýazýar.
Howanyň üýtgemegi köp ýurtlaryň jemi içerki önüminiň 5 göterime çenli kemelmegine getirýär.Howa krizisi — munuň özi durmuşyň nyrhynyň krizisidir.Sebäbi, howa heläkçilikleri öý hojalyklaryň we kärhanalaryň çykdajylarynyň ösüşine eltýär. Ähli ýurtlar howanyň üýtgemegine garşy göreşde has aýgytly çäreleri görmelidirler diýip, Stil Baku şäherinde geçýän BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 29-njy ýygnagynda (COP29) eden çykyşynda nygtady.
Onuň sözlerine görä, howa maliýeleşdirilmegi hümmetsizlenmäniň öňüni almakda ählumumy ätiýaçlandyryş bolup biler.
BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 29-njy ýygnagy (COP29) 11-22-nji noýabrda Baku şäherinde geçýär.