BMG “heläkçilikli ýerleriň” köpelýändigini habar berdi

BMG “heläkçilikli ýerleriň” köpelýändigini habar berdi

Bütin dünýäde millionlarça adam daşky gurşawyň çakdanaşa hapalanan etraplaryndaky ýaşaýyşdan ejir çekdi. “Heläkçilikli ýerler” diýlip at berlen şeýle etraplar dünýäde barha köpelmek bilen. Bu barada BMG-niň adam hukuklary we daşky gurşaw boýunça wekili Dewid Boýduň nutugyna esaslanyp, The Guardian ýazýar diýip, “Lenta.ru” habar berdi.

Häzir planetanyň has hapalanan ýerlerinde dünýäniň iň garyp ilaty ýaşaýar, olaryň ýaşaýşa, amatly daşky gurşawa we saglyga bolan hukuklary bozulandyr. Şeýle ýerlerde ýaşaýanlar insultdan, düwnükden, dem alyş ýollarynyň we ýürek hassalyklaryndan ejir çekýärler. Şeýle-de ýaramaz durmuş şertleri, howanyň hapalanmagy dokuz million adamyň tarpa-taýyn heläk bolmagyna getiripdir.

“Heläkçilikli ýerleriň” ýüze çykmagynyň esasy günäkärleri hökmünde Birleşen Milletler Guramasy senagat kärhanalaryny görkezýär.Olaryň arasynda Luiziana ştatyndaky nebiti gaýtadan işleýän we nebithimiýasy zawodlarynyň 100-den gowragynyň ýerleşen sebiti, Zambiýadaky Kabwe şäheri, Rumyniýadaky Pata Rat zibil taşlanýan ýer, Gwadelupa we Martinika fransuz sebitleri bar.

Käbir himikatlaryň gadagan edilendigine garamazdan, olaryň önümçiligi iki esse artdy, 2030-njy ýyla çenli ýene iki esse artar.

Şonuň üçin BMG-niň wekili dünýä döwletlerinden daşky gurşawy hapalaýan kompaniýalaryň işine berk gözegçiligi girizmegi hem-de daşky gurşawa zyýan getirýän pudaklary goldamak üçin her ýyl takmynan 1,8 trillion dollar möçberde maýa goýum goýmagy bes etmegi talap etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da Harby Uçar Heläkçilige Uçrady
Azerbaýjanyň Howa Ýollaryna Degişli Ýolagçy Uçary Heläkçilige Uçrady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
Eýranda Dik Uçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Üçin Jynaza Çäreleri Geçirilýär
“Türk Uçarmansyz Howa Ulagy Heläkçilige Uçran Eýranyň Prezidentiniň Ýerini Anyklady”
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
Owganystanda Harby Dik Uçar Heläkçilige Uçrady