BMG Gar barsynyň halkara gününi döretdi

BMG Gar barsynyň halkara gününi döretdi

BMG-niň Baş Assambleýasy 23-nji oktýabry Gar barsynyň halkara güni diýip yglan etdi. Gyrgyzystanyň öňe süren bu başlangyjyny 61 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Hindistanyň goldawlaryna eýe boldy. Bu barada BMG penşenbe güni habar berdi.

Dag gaplaňy hökmünde hem giňden tanalýan gar barsy Merkezi we Günorta Aziýa belent saglyk sebitleriniň esasy nyşanlarynyň biridir. Seýrek duş gelýän bu ýabany haýwan Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilip, halkara konwensiýalaryň esasynda gorag astyndadyr. Bikanun awlanylmagynyň, ýaşaýyş gurşawynyň dargadylmagy we howanyň üýtgemegi netijesinde olaryň köpelişi yzygiderli pese düşmegini dowam edýär.

“Dag gaplaňy bu diňe pişikler maşgalasynyň gaýtalanmajak iri görnüşi bolmak bilen çäklenmän, suw we beýleki tebigy serişdeleriň üpjünçiliginde möhüm orun eýeleýän dag ekoulgamlarynyň sagdynlygynyň esasy görkezijisidir” diýip, Gyrgyzystanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili aýtdy.

Kabul edilen Kararnamada gar barsyny we onuň tebigy gurşawyny goramakda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtalýar. Onda gar barslarynyň bikanun awlanylmagyna we söwdasynyň edilmegine garşy göreşmek hem-de biodürlüligiň goralyp saklanylmagyna aýratyn üns çekilýär.

Kararnama ekoulgam üçin möhüm ähmiýeti bolan gar barslaryny gorap saklamak boýunça tagallalary goldamakda gyzyklanma bildirýän taraplara halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge çagyryş edýär.

Ýene degişli makalalar

Täze Ýyldan Bäri Bikanun 5 Müň 466 Immigrant Ýurtdan Çykaryldy
124 Müň 441 Bikanun Immigrant Ýurtdan Çykaryldy
Terror guramasyna agza terrorçylar serhet zolagynda saklandylar
“Türk Maýa Goýum Gaznasynyň Gysga Wagtda Döredilmegi Peýdaly Bolar”
Eýranda Bikanun Ýangyç Daşaýan Gämi Saklandy
Ýolçylar Aşgabat-Daşoguz otlysyna bilet satyn almak üçin gijesini demirýol menziliniň kassasynyň öňünde geçirýärler