BMG: "Demirgazyk Koreýa raketa programmasyny özgertmegini dowam etdirýär" diýdi

BMG: "Demirgazyk Koreýa raketa programmasyny özgertmegini dowam etdirýär" diýdi

BMG-nyň hünärmenleri tarapyndan taýarlanan habarnamada, Phenýanyň ýanwar aýynyň dowamynda gysga we orta aralykly raketalary synagdan geçirmäge dowam etdirendigi we olaryň sanynyň artýandygy beýan edildi.

Habarnamada synagdan geçirilen döwrebap tehnologiýalaryň arasynda gipersonik boýegolowkaly raketanyň hem bolmagynyň ähtimaldygy aýan edildi.

Habarnamada mundan başgada Demirgazyk Koreýanyň kiber enjamlar we umumy ylmy işleri öz düzüminde jemleýän enjamlary, tehnologiýalary we tehniki maglumatlary gözlemäge dowam edýändigi habar berildi.

Demirgazyk Koreýa 30-njy ýanwarda Hwasong-12 uzak aralykly ballistik raketasy bilen şu ýylyň başyndan bäri 7-nji raketa synagyny amala aşyrypdy.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, ýadro programma sebäpli Demirgazyk Koreýa garşy 2006-njy ýyldan bäri ykdysady we harby sanksiýalar girizýär.

Ýene degişli makalalar

Kim: "Günorta bilen dartgynlyk iň erbet derejede" diýdi
Putin Phenýanyň haýwanat bagyna ýolbars we aýy sowgat berdi
Demirgazyk Koreýa boýun aldy. Türkmenistan ýer togalagynyň hamana, COVID-19-dan azat ýeke-täk ýurdy bolup galdy
Demirgazyk Koreýanyň Balistiki Raketa Synagyny Geçirendigi Öňe Sürüldi
Demirgazyk Koreýa ABŞ-na Hemle Atýar
Demirgazyk Koreýa ýene-de bir ballistik raketa synagyny geçirdi