BMG-de ýylyň jemi boýunça dünýäde söwdanyň ösüşi barada çaklama aýdyldy

BMG-de ýylyň jemi boýunça dünýäde söwdanyň ösüşi barada çaklama aýdyldy

Tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň jemleri boýunça dünýä söwdasynyň jemi ösüşi rekord derejä, ýagny 32 trillion dollara ýetip biler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Maslahatynyň (ÝUNKTAD) saýtynda habar berilýär diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ählumumy söwda rekord derejä — 2022-nji ýylda 32 trillion dollara deň bolmaly. Harytlaryň söwdasy garaşylyşy ýaly, ýylyň ahyryna çenli geçen ýylyň görkezijilerinden 10 göterim artyk bolar hem-de tas 25 trillion dollara çenli ýokarlanar diýlip, habarda aýdylýar.

Guramanyň maglumatlaryna görä, hyzmatlaryň söwdasy 7 trillion dollara deň bolar, bu geçen ýylyň görkezijilerinden 15 göterim artykdyr. Şunda şeýle görkezijiniň 2022-nji ýylyň birinji ýarymyndaky durnukly ösüşiň hasabyna mümkin bolandygy, emma üçünji çärýekde söwdanyň peselip başlanandygy, dördünji çärýekde-de haryt we hyzmatlar boýunça dünýä söwdasynyň peselmegine garaşylýandygy bellenýär.

Ýene degişli makalalar

ÝUNKTAD Türkiýe Boýunça Ukdysady Ösüş Çaklamasyny Ýokarlandyrdy
14.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti UNKTAD-yň Baş sekretaryny kabul etdi
BMG-niň hasabatyna görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 3.3 %, ýöne çeşmeler munuň has ýokarydygyny aýdýar
06.12.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
06.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy
13.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar