BMG-de Umman ylymlarynyň 10 ýyllygy başlady

BMG-de durnukly ösüş gazanmak maksady bilen Umman ylymlarynyň 10 ýyllygy başlady. Bu köpçülikleýin çäräniň başlanmagy mynasybetli çykyş eden BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş ummanlaryň düýbüniň 80 göterimden gowragynyň entek öwrenilmändigini we kartalaşdyrylmandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, ummanlary goramak we dünýä ilatynyň abadançylygyny üpjün etmek üçin adamzat has köp bilim toplamalydyr.

Okeanografik barlaglar amaly ylymlaryň geljegi uly ugurlaryndan biri bolsa-da, döwletler gözleg býujetleriniň ortaça 1,7 göterimini umman ylymlaryna sarp edýärler, bu bolsa ylmy barlaglaryň beýleki ugurlaryndan has azdyr. Şeýle-de, bu düşündirişe çapraz gelýär 2010-njy ýylda deňiz senagatynyň dünýä ykdysadyýetine goşan goşandy Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy tarapyndan 1,5 trillion dollar diýlip çaklanyldy we bu görkeziji hakyky görkezijilerden has pesdir. Çünki şol ýyl deňiz ykdysadyýetiniň 30 milliondan gowrak adamy iş bilen doly üpjün edendigi hasaba alnypdyr.

Ummanlaryň ekologiýasyny dikeltmek üçin bize bilim gerek, umman ylymlary babatynda özgerişlik gerek. Biz diňe tebigata paýhasly çemeleşmek bilen, hemmeleriň abadançylygyny üpjün edip bileris diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş belledi.

Ummanlaryň dünýä ykdysadyýetine iň uly goşandy, balykçylyk bolup, üç milliarddan gowrak adamy ýaşaýyş serişdeleri bilen üpjün edýär. Umman söwda, energiýa transporty, syýahatçylyk, gazylyp alynýan energiýa serişdeleri we kenarýaka ýel energetikasynyň ösüşi ýaly pudaklarda-da aýratyn ähmiýete eýedir.

Biziň howpsuzlygymyz we abadanlygymyz ummanlaryň ýagdaýyna we umman ylymlaryny bilşimize baglydyr. Umman barlaglary ÝUNESKO-nyň hökümetara okeanografiýa topary tarapyndan amala aşyrylyp, dürli hadysalaryň ilkinji duýduryş ulgamlaryny utgaşdyrýar we adamlara deňizleriň we ummanlaryň plastik bilen hapalanmagy barada aň-bilim bermek bilen meşgullanýar.

Üçünji müňýyllygyň başynda okeanografiýa ylmy dürli meseleleri ýüze çykarmaga we çözgütleri teklip etmäge ukyply, ýöne biz ony äsgermezlik etmegi bes eden halatymyzda netije berer. Dünýä häzirki durmuşa uýgunlaşansoň, umman ylymlary pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azulaý aýtdy.

Häzirki wagtda umman hakda bilýän zadymyz Ýer togalagynyň 71 göterimini eýeleýän dünýä ummanlarynyň özünde pynhan saklaýan zatlarynyň diňe bir kiçijik bölegidir. Häzirki wagta çenli deňiz düýbüniň çäkleriniň diňe 20 göterimi ýokary durulykda kartalaşdyryldy. Ýene-de giň sebitleri, esasan hem Arktika sebitlerini, ekoulgamlar we umman hadysalary jähtinden içgin öwrenilmeli.

Umman hadysalaryna çuňňur düşünmek zerurlygy has möhümdir, sebäbi ummanlar global maýylganlygyň zyýanly täsirlerini azaltmakda möhüm rol oýnaýar, ýöne onuň zyýanly gazlary özüne siňdirmek ukyby iň pes derejelere baryp ýetdi. Geljekki on ýylda halkara jemgyýetçiligi, esasan, dünýä derejesindäki meselelere innowasion çözgütleri tapmak üçin umman ylmyna ep-esli maliýe serişdelerini gönükdirmegi maksat edinýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy

Umman ylymlarynyň 10 ýyllygy üçin

ýedi maksatnama tassyklady:

1. Arassa umman hapalanmagyň çeşmeleri anyklanýar, azaldylýar ýa-da ýok edilýär;

2. Sagdyn we durnukly umman deňiz ekoulgamyna düşünmek, goramak, dikeltmek we olary netijeli dolandyrmak;

3. Öndürijilikli umman durnukly azyk üpjünçiligi we egsilmez deňiz ykdysadyýeti;

4. Duýdurýan umman ummanlaryň ýagdaýlarynyň üýtgemegine jemgyýetiň düşünmegi we oňa seslenmegi;

5. Howpsuz umman adamyň ömri we ýaşaýyş durmuşy ummanlaryň howplaryndan goralýar;

6. Elýeterli umman maglumatlara, habarlara, tehnologiýa we innowasiýalara açyk deňhukukly elýeterlilik;

7. Ylham beriji we gyzykly umman jemgyýet, öz abadançylygy we durnukly ösüşi nukdaýnazaryndan ummanlara düşünýär we baha berýär.

Öňümizdäki on ýylda, ummanlar hakda alnan bilimler hil taýdan ösüş gazanmak üçin oňaýly şertleri döredýär, bu bolsa, Ýer togalagynyň peýdasyna has durnukly çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär diýip, ÝUNESKO-nyň Halkara okeanografiýa toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Wladimir Rýabin belledi.

Umman ylymlarynyň 10 ýyllygyny durmuşa geçirmek meýilnamasy ähli umman sebitleri bilen maslahatlaşylyp işlenip düzüldi we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklandy. Halkara jemgyýetçiligi, Durnukly ösüş boýunça 14-nji Maksatnamanyň kabul edilmegi bilen 2030-njy ýyla çenli ummanlary durnukly ulanmak baradaky borçnamany öz üstüne alýar.

The post BMG-de Umman ylymlarynyň 10 ýyllygy başlady appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylyň oktýabry taryhda ikinji iň yssy aý boldy
ABŞ Bilen Hytaýyň Arasynda Ýokary Derejeli Duşuşyk Geçirildi
Eýran, Marşal Adalaryna Degişli Nebit Tankerini Saklady
Baýden Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
UNESCAP-nyň ýerine ýetiriji sekretary Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy
Baýden Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
NOAA: geçen aý 174 ýylyň içinde iň yssy ýanwarlaryň biri boldy