
Türkmen hökümeti Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Birleşen Milletler Guramasyna nobatdaky hasabatyny berdi. Ýedi ýylda bir gezek berilýän bu hasabat ýurt ilatynyň sosial-ykdysady ýagdaýynyň agyrlaşan wagtyna gabat gelip, raýatlaryň esasy azatlyklarynyň we haklarynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede basylýan döwrüni öz içine alýar.
Türkmen wekiliýetiniň öz ýurdunda ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryň berjaý edilişi barada BMG-ä beren hasabaty 10-njy fewral-28-nji fewral aralygynda geçirlen maslahatlaryň çäginde diňlendi.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň web sahypasynda çap bolan maglumata görä, BMG-niň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiniň 77-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen diňlenişikde Türkmenistanyň milli hasabatyna hem-de adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň alternatiw hasabatlaryna seredilipdir.
Türkmen wekilleriniň hasabatynyň mundan ozalky 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda geçirilen diňlenişigiň netijesinde ýurtdan edilen talaplary düzetmek boýunça geçirilen işleri öz içine alýandygy aýdylýar.
Anyk problemalaryň arasynda sudlaryň garaşsyzlygy, adam hukuklaryny goraýjy milli guramalaryň, graždan jemgyýetçiliginiň bolmagy, korrupsiýa garşy göreş, maýyplaryň hukuklary, diskriminasiýany ýok etmek, gender deňligi, mejbury zähmet, maşgala zorlugy, gedaýlyk, ilata agyz suw elýeterliligi, jaý we mejbury göçürmek, bilim almak hukugy, etniki azlyklaryň öz diline hukugy we internet elýeterliligi ýaly agyr meseleleri çözmegiň zerurlygy aýdylypdy.
Resmi hasabat
Türkmenistanyň hasabatynyň BMG-niň Ýokary komissarlygynyň web sahypasynda çap bolan tekstinde ýurtda sosial-ykdysady ösüş boýunça birnäçe uzak möhletleýin programmalaryň kabul edilendigi we olarda ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmegiň ileri tutulýandygy habar berildi.
Hususan-da ýurtda 2019-njy ýyldan bäri 50-den gowrak milli programmasynyň işlenip düzülendigi w olaryň ilatyň sosial goraglylygyny, sagdyn durmuşy, ykdysady ösüşi we iş bilen üpjünçiligini berjaý etmeklige gönükdirilýändigi aýdylýar.
Hasabatda berlen sanlarda 2019-1022-nji ýyllar aralygynda bir hojalyga girdejileriň möçberiniň 32,7% artandygy, kärhanalarda ortaça aýlygyň 34,6%, pensiýalaryň 33,7% we döwlet kömek pullarynyň 48,2% artandygy öňe sürülýär.
Türkmen hökümetiniň hasabatyna görä, agzalan wagt aralygynda senagat önümleriň önümçiligi 27,8%, oba hojalygynyň 30,3%, döwlet býujetiniň girdejileri 50,1% ýokarlanypdyr. Döwlet býujetiniň saglygy goraýyşa çykdajylary 27,6%, bilime 37,7% ýokarlanypyr we umuman býujetiň 75% -i sosial pudagyň ösüşine gönükdirilipdir.
Türkmen hökümetiniň soňky hasabaty Türkmenistanda ilatyň azyk ýetmezçiligi, aýlyklaryny we pensiýalaryny wagtynda alyp bilmezligi, işsizlik, durmuş derejesiniň peselmegi, kadaly medisina hyzmatlarynyň elýeterli bolmazlygy ýaly agyr sosial-ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän we şahsy durmuşyna, hatda daş sypatyna we geýim-eşiklerine çenli häkimiýetleriň gözegçiliginde saklanýan döwrüne degişli.
Türkmenistanda ilatyň başdan geçirýän kynçylyklary hökümete degişli bolmadyk guramalaryň hasabatlarynda gönüden-göni gozgaldy.
Gozgalan hakyky problemalar
26-njy fewralda Türkmenistan boýunça geçirilen diňlenişige gatnaşan 10 golaý halkara gurmasynyň arasynda "Progress" fondunyň ýolbaşçysy Aýnabat Ýaýlymowa öz çykyşynda internet elýeterliliginiň çäklendirilmegi meselesini we munuň adamlaryň esasy hak-hukuklaryna ýetirýän täsirlerini gozgady.
"Internete girmek bilim, iş üpjünçiligi we medeni gatnaşyklar üçin esasy hukukdyr. Biz Türkmenistan hökümetini adam hukuklary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we sanly ulgamyň elýeterliligiň açylmagy üçin päsgelçilikleri aýyrmaga çagyrýarys" diýip, Aýnabat Ýaýlymowa çykyşynda aýtdy.
"Progres" fondunyň hasabatynda görkezilen sanlara görä, Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyndan gowragy internete girip bilýär we mekdepleriň diňe 37% -i global tora birikdirilen.Internet hyzmatlarynyň bahasy dünýädäki iň gymmatlaryň biri bolup, ortaça aýlygyň 76% -ne barabar bolýar, tizligi sekuntda ortaça 3,4 megabit - dünýädäki ortaça 90.5-den has pes bolmagyna galýar. Şeýle-de, websaýtlaryň esassyz petiklenmegi we internet traffigine gözegçilik ilatyň internet elýeterliligini çäklendirýändigi bellenýär.
"Progres" fondunyň hasabatynda bellenişine görä, internetiň çäklendirilmegi ilatyň esasy hukuklaryny çäklendirýär, şol sanda saglygy saklaýyşa we bilime degişli maglumat elýeterliligine päsgel berýär.
"Türkmenistandaky lukmanlar häzirki zaman bejeriş protokollaryna girip bilmeýärler ýa-da global epidemiýa maglumatlaryndan habarly bolup bilmeýärler. Şonuň ýaly-da, hassalar, esasanam COVID-19 pandemiýasy ýaly saglyk ýagdaýlarynda adatdan daşary şertlerde ömri halas edip biljek lukmançylyk maglumatlarynda peýdalanyp bilmeýär" diýlip hasabatda adylýar.
Şeýle-de, "Progres" fondynyň ýolbaşçysynyň gozgan problemalaryň ýene biri aýal-gyzlaryň maşgaladaky zorluk we raýatlaryň köpelmek hukuklaryny ulanmakda azatlygyna degişli boldy.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň adyndan çykyş eden Aýnabat Ýaýlymowa jyns zorlugynyň Türkmenistanda giňden ýaýrandygyny belläp, onuň pidalaryna, şol sanda maşgaladaky zorluklardan ejir çekýänlere minimal hukuk we gorag syýasatynyň ýöredilmeýändigine ünsi çekdi.
"Türkmenistanda aýal-gyzlary maşgaladaky zorluklardan goramak üçin giňişleýin kanunlar ýok, kanun goraýjy edaralar muny esasan administratiw jenaýat we diňe hereket gaýtalananda jenaýat işi diýip hasaplaýarlar.Häzirki kanunlarda ýeňil beden şikesleri, fiziki şikes ýetirmek howpy, maşgaladaky zorluk bilen bagly güýç we gözegçilik ulanmak ýaly zorluklara ýeterlik derejede çözgüt bermeýär.
Edil şonuň ýaly-da, ýurtda ýöriteleşdirilen sudlaryň, gorag kararlaryň we pida bolup, diri galanlara ýeterlik goldaw ýok" diýip, Ýaýlymowa belledi.
Şeýle-de ol ýurtda aýrylyşmak tölegleriniň bäş esse ýokarlanmagynyň we maşgala hem-de raýat prosessual kodekslerine girizilen soňky düzedişleriň we abort etmek mümkinçiliginiň çäklendirilmeginiň aýal-gyzlaryň hukuklary meselesinde uly yza gaýdyş bolup, aýal-gyzlaryň howpsuzlyga we beden özbaşdaklygyna bolan esasy hukuklaryny çäklendirip, olara gözegçiligi we goragsyzlygy güýçlendirendigini belledi.
Türkmen hökümetiniň raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça BMG-ä beren häzirki hasabaty tapgyr üçünjisi bolup, mundan ozal, 2011-nji ýylda we soňra 2018-nji ýylda berlipdi.
Hökümete degişli bolmadyk halkara guramalary Türkmenistanda raýat jemgyýetçiliginiň ösüşiniň hatda Merkezi Aziýada hem iň pes derejede galýandygyny belläp, hakyky halkara hyzmatdaşlygynyň bolmazlygynyň esasy problemalary gozgaýan halkara guramalarynyň işine täsir edýändigi belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.