BMG-de 2024-nji ýylyň baş wezipelerini yglan etdiler

BMG-de 2024-nji ýylyň baş wezipelerini yglan etdiler

2024-nji ýyl birek-birege ynamyň we umydyň gaýdyp geljek ýyly bolmalydyr diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş özüniň Täze ýyl ýüzlenmesinde aýtdy. Onuň sözlerine görä, adamzat gapma-garşylyklarydyr agzalalyklary ýeňmek üçin tagallalaryny birleşdirmelidir.

2023-nji ýyl ägirt uly ejirleriň, zorlugyň hem-de howa bulam-bujarlygynyň ýyly boldy. Biziň planetamyz howp astynda. Uruşlar gitdigiçe köpelýär, özem olar barha ýowuzlaşýar. Netijede, ynam hem tapdan gaçýar.

2024-nji ýyl ynamyň dikeliş we umydyň gaýdyp gelýän ýyly bolmalydyr. Biz umumy haýyrly çözgütleri tapmak üçin jebisleşmelidiris. Şeýle hem, emeli aň kimin täze tehnologiýalaryň adamyň bähbidine gulluk etmegini kepillendirmelidiris diýip, Guterriş belledi.

Bu barada News.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş Sekretary ABŞ-nyň Daşarky Kömeklerini Dowam Etdirmegi Hakynda Çagyryş Berdi
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 286 dalaşgär hödürlendi
Wise-premýer R.Meredow türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi