
Azyk howpsuzlygy bilen bagly ýagdaý dünýäniň birbada 22 ýurdunda ýitileşip biler. Bu barada Azyk we oba hojalyk guramasynyň hem-de BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň bilelikdäki nutugynda aýdylýar diýip, Belta.by ýazýar.
Hünärmenleriň pikiriçe, bu gün ýagdaýa adatdan daşary howa şertleridir ykdysady sarsgynlar hem-de gapma-garşylyklar täsir edýär. Azyk babatda has goragsyz ýurtlar Nigeriýa, Somali, Ýemen, Owganystan we Günorta Sudan bolmagynda galýar. Guramada şeýle hem Sudana, Malä, Burkina-Faso we Gaitä aýratyn üns çekýärler.