
Dünýäniň 45-den gowrak ýurdy bu gün azyk kynçylyklaryny başdan geçirýär. Olaryň 33-si Afrikada, 9-sy Aziýada we 2-si Latyn Amerikasynda we Karib deňziniň sebitinde hem-de 1-i Ýewropadadyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, bu ýurtlar ykdysady kynçylyklar, raýat uruşlary we howanyň üýtgemeginiň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz galdylar. Käbir ýurtlarda harby hereketler sebäpli haýyr-sahawat kömegi çäklendirilendir.
BMG azyk kynçylyklaryny başdan geçirýän ýurtlaryň sanawyny ýylda üç gezek täzeleýär diýip, 24KZ habar berýär.