BMG 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde zähmet bazaryndaky ýagdaýyň ýaramazlaşjakdygyny çaklaýar

BMG 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde zähmet bazaryndaky ýagdaýyň ýaramazlaşjakdygyny çaklaýar

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde zähmet bazaryndaky ýagdaý geçen ýylyň ahyryna garanyňda has ýaramaz boldy we ol ikinji çärýekde, aýratynam, Hytaýdaky kowida garşy çäklendirmeleriň netijesinde we Ukrainadaky wakalar sebäpli ýaramazlaşmagyny dowam eder. Şeýle çaklama bilen Halkara Zähmet Guramasy (HZG) çykyş etdi diýip, TASS habar berýär.

Onuň hasabatynda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde işlenen umumy iş sagady 2019-njy ýylyň dördünji çärýeginde garanyňda 3,8% az boldy. HZG-niň çaklamasyna görä, şu ýylyň aprel iýun aýlarynda azalma 4,2%-e ýeter, bu bolsa doly iş hakynda 123 mln iş ornunyň ýitmegine deňdir.

“Umuman, 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde iş sagadynyň sanynyň azalmagyna garaşylýar, bu ýagdaýa Hytaýda pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça dowam edýän çäreler sebäp bolýar, ol Ukrainadaky wakalar sebäpli hasam güýçlenýär” diýip, hünärmenler belleýär.

Hasabata görä, geçen ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde 2019-njy ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende 3,2% iş sagady az işlendi. 2022-nji ýylyň ýanwar mart aýlarynda ýagdaý geçen çärýek bilen deňeşdirilende ýaramazlaşdy, bu hem 2021-nji ýylda görlen ykdysady durmuşyň “dikeliş prosesinden yza çekilme” boldy.

BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara Zähmet Guramasy zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen halkara syýasaty işläp düzmek bilen meşgullanýar, halkara zähmet ülňülerini kesgitleýär.

Ýene degişli makalalar

Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Halkara Zähmet Guramasynyň hünärmeni Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda duşuşyk geçirdi
Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar
Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy degişli Ähtnamanyň Goşundylaryna gol çekdiler
Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär
Türkmenistanyň HZG konwensiýasyna goşulmak karary
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HZG-NIŇ ZÄHMET KADALARY DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI