2020-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti COVID-19-a garşy göreşe 46 milliondan gowrak dollar harçlady.
Şeýle maglumatlar BMG-niň 17-nji sentiýabrda ýaýradan “DOG-e ýetmek ugrundaky umumy çalyşma” hasabatynda ýaýradyldy.
Hasabatyň aýratyn bölümi “global ýokanja jogaba” bagyşlanýar. Onda 2020-nji ýylyň iýulynda BSG-niň Türkmenistanda tehniki maslahat missiýasynyň döredilendigi, onuň netijesinde teklipleriň işlenip taýýarlanandygy ýatlanýar.
BMG we hökümet ösüşiň bilelikdäki meýilnamasyny paýlaşdylar şol sanda,hökümetiň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygy we jogaby üpjün etmek baradaky Meýilnamasyny, şeýlede ýiti ýokanç keselleriň ýokanjyna sosial-ykdysady jogap üçin gaýra goýulmasyz çäreler meýilnamasyny.
2020-nji ýylyň 5-15-nji iýulynda Türkmenistanda 10 günläp bolan BSG-niň missiýasy jemleýji metbugat ýygnagynda Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny ne-de tassyklapdy, ne inkär edipdi.
Taýýarlyk we jogap bermek Meýilnamanyň çäginde göz öňünde tutulan çäreleriň aglabasy 2020-nji ýylda durmuşa geçirilipdi.
Umuman, Hökümet COVID-19-a jogap bermek üçin 46 milýondan gowrak dollar harçlady.
Şol bir wagtda, BMG we onuň ösüş boýunça partniýorlary taýýarlyk we jogap bermek Meýilnamasynyň çägindäki çärelere 2,5 million dollar berdi diýip hasabatda edilen işler sanalyp geçilýär.
Olaryň arasynda aşakdaky işler hem bar:
-Saglygy saklaýyşyň ähli derejesindäki medisina işgärleriniň potensialy pugtalandyryldy,
-Ýokanjyň profilaktikasy we oňa garşy göreş üpjün edildi,
-Hökümetiň jogap bermek çäreleri baradaky kararlary boýunça ilata maglumatlar berilýär,
– COVID-19-yň Ilata ýetiren sosial-ykdysady zyýany kemeldildi,
– COVID-19-a garşy sanjym edildi.
Sosial-ykdysady jogap baradaky Meýilnamany goldamak üçin 2020-nji ýylda Hökümet, BMG we Halkara maliýe gurluşlary 28,8 million dollar bölüp berdiler.
Şol sanda, aşakdaky işler edildi:
-Esasy medisina hyzmatynyň we onuň elýeterliliginiň hili ýokarlandyrylmagy,
-Sosial goragyň we esasy sosial hyzmatyň üpjün edilmegi,
-Iş ýerlerini goramak, kiçi hem orta gürpdäki telekeçiligi, formal däl pudagyň işçilerini goldamak,
-Makroykdysady goldaw berme we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün edildi,
-Sosial bütewilige kömek we ýerli ilatly merkezler derejesinde durnuklulyk üpjün edildi.The post BMG: “2020-nji ýylda Türkmenistan COVID-19-a garşy göreşe 46 milliondan gowrak dollar harçlady” first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.