Amerikanyň Blue Origin aerokosmiki kompaniýasy NS-22 missiýasyny - älem syýahatçylaryny bortuna alyp, New Shepard älem gämisiniň altynjy suborbital uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy.Korabl 4-nji awgustda Demirgazyk-amerikan gündogar wagty boýunça irden 9:56-da Günbatar Tehasdaky badalga meýdançasyndan göterildi.
Raketa-göteriji bat alandan ýedi ýarym minut geçensoň gonuşy amala aşyrdy, 107 km töweregi aňrybaş beýiklige ýeten içi syýahatçyly kapsula bolsa bat alanyndan 10 minut 20 sekunt geçensoň paraşýutly ýere gondy.
NS-22 missiýasynyň ekipažy 6 adamdan ybaratdy, olaryň hatarynda meşhur Dude Perfect YouTube-kanalynyň esaslandyryjylarynyň biri Kobi Kotton (Coby Cotton), portugaliýalylaryň içinde ilkinji bolup kosmosa ugran portugaliýaly telekeçi we inwestor Mario Ferreira, kompýuter ylmy we robot tehnikasy boýunça maksatnamanyň öňki ýolbaşçysy, sürüjisiz awtoulaglar çygryndaky barlaglar bilen meşgullanan Klint Kelli III (Clint Kelly III), öň Eweresti we Dünýä ummanynyň iň çuň nokady Düýpsüz Çellenjeri boýun egdiren britan-amerikan barlagçysy Wanessa O Braýen (Vanessa O Brien), Müsüriň ilkinji bolup kosmosa uçan ýaşaýjysy, inžener Sara Sabri (Sara Sabry), Floridaly işewür Stiw Ýang (Steve Young) bar. Şu uçuşy hem goşsaň, Blue Origin älemiň serhedine eýýäm 31 adam ugratdy.
New Shepard-yň öňki, bäşinji uçuşy 2022-nji ýylyň 4-nji iýunynda - laýyk iki aý mundan öň amala aşypdy. Şonda hem suborbital uçuşa 6 syýahatçy ugradylypdy, olaryň hem syýahaty häzirkileňki ýaly 10 minut töweregi dowam etdi.