Dünýäniň iň baý 500 adamy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda $1,4 trln ýitirdi, bu hem taryhyň dowamynda milliarderleriň baýlygynyň iň uly azalmasy boldy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.
Onuň maglumatlaryna görä, Tesla kompaniýasynyň eýesi Ilon Maskyň baýlygy tas $62 mlrd azaldy.Amazon-y esaslandyryjy Jeff Bezos $63 mlrd ýitirdi.Birinji ýarymýyllykda Meta-nyň başlygy Mark Sukerbergiň hususy kapitaly bolsa ýarysyndan azaldy.
Milliarderleriň baýlygynyň şeýle azalmasy hökümetleriň we merkezi banklaryň koronawirus pandemiýasy başlandan soň görlüp-eşidilmedik çäreleri girizmeginiň esasynda iň baý adamlaryň girdejileriniň ýokarlanan soňky iki ýylyndaky ýagdaýa ters gelýär diýip, Bloomberg belleýär. Şeýle-de bolsa, dünýäniň iň baý adamlary reýtinglerde öz orunlaryny saklaýarlar.
Mask $208,5 mlrd bilen henizem birinji orunda.Bezos $129,6 mlrd bilen ikinji orny eýeleýär. Üçünji orunda $128,7 mlrd baýlygy bilen Fransiýanyň iň baý adamy we LVMH toparynyň prezidenti Bernar Arno ýerleşýär, onuň yzyndan $114,8 mlrd bilen Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts gelýär.
Häzirki wagtda diňe şular $100 mlrd-dan ýokary baýlyga eýe. Ýylyň başynda bu sanawa 10 adam girýärdi.