ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Şyh Abdullah bin Zaýid Al Nahýan we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannamada, Blinkeniň, BAE-niň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri bilen Ýakyn Gündogarda dowam edýän dartgynlyklar we başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Blinkeniň Al Nahýan bilen “Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin amatly şertiň döredilmegi we ýesirleriň boşadylmagy üçin” diplomatiýa taýdan edilýän tagallalar hakynda pikir alyşandygy bellenildi.
Beýannamada, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinkeniň Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Ferhan bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi we ýesirler hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.