Blinken Guterriş Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Blinken Guterriş Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mattew Miller beren ýazmaça beýannamasynda; “Blinken BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Russiýanyň Gara deňiz galla başlangyjynyň möhletiniň gutarýan güni bolan 17-nji iýula çenli uzaltmazlyk hakyndaky beýanaty boýunça pikir alyşdy” diýilýär.

Beýannamada liderleriň ylalaşygyň global azyk howpsuzlygy taýdan möhüm we bes edilmeginiň esasanda ösüp barýan ýurtlardaky azyk importçylaryna ýaramaz täsiriniň boljakdygy hakynda ylalaşandyklary beýan edildi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Ukraina başlan hüjümleriniň global azyk üpjünçiligine ýetirýän zyýan täsirlerini azaltmak üçin BMG, Russiýa, Türkiýe we Ukraina 2022-nji ýylyň iýulynda Stambulda geçirilen dabarada Gara deňiz galla başlangyjy hakyndaky ylalaşyga gol çekişipdi. 2022-nji ýylyň 19-njy noýanryndan başlap 120 gün möhlet bilen uzaldylan ylalaşygyň möhletiniň 18-nji martda gaýtadan uzaldylmagyna karar berilipdi.

Rus resmileri möhleti 17-nji iýulda gutarýan ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagy üçin ähtimallyk görmeýändiklerini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi
Türkmenistanyň Prezidenti Kazanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi