ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba Russiýa-Ukraiana krizisi hakynda pikir alyşdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Beýannamada “Blinken bilen Kuleba telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň Ukraina serhedine esger ornaşdyrdmagy, Ukraina bilen ABŞ-nyň Ukrainanyň howpsyzlygynyň we durnuklygynyň üpjün edilmegi we Russiýa bilen diplomatik tagallaryny dowam etdirmegi üçin edýän tagallasy hakynda pikir alyşdy” diýildi.
Beýannamada, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinkeniň, Ukrainanyň Daşary işler ministrine, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren telefon söhbetdeşligi hakynda maglumat berendigi nygtaldy.
Blinkeniň, ABŞ-nyň Ukrainanyň özygtyýarlygyna we bitewiligine goldaw bermäge dowam etjekdigine ünsi çekendigi bellenildi.