Blinken Bilen Gans, Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Blinken Bilen Gans, Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýylyň harby kabinetiniň agzasy Benni Gans bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Blinken bilen Gans telefon söhbetdeşliginde ýesir çalşygy we Gaza berilýän ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagy hakynda pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde “ýesir çalşygy” teklibiniň ähli ýesirleriň boşladylmagyny ýola goýjakdygyny we Gaza berilýän ynsanperwer kömeklerini artdyrjakdygyny nygtan Blinken “Hamas bu teklibi wagt ýitirmezden kabul etmeli” diýdi.

Blinken, teklibiň ýesirleriň boşadylmagy bilen birlikde Ysraýylyň Liwan serhedinde howpsuzlygyň üpjün edilmegi taýdan hem möhümdigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ysraýylda Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Çanakaýa Köşgünde Geçirildi
“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”
“Gazada Soňky Asyryň Iň Uly Genosidi Başdan Geçirilýär”
Hakan Fidan Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy