ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen Nýu-Ýorkda duşuşdy.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Blinkeniň, Baýramow we Mirzoýan bilen Nýu-Ýorkda geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasynyň çäginde üçtaraplaýyn duşuşyk geçirendigi nygtaldy.
Beýannamada taraplaryň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilmegi we döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalary ara alyp maslahatlaşandygy bellenildi.