Black Star Burger restoranlar zynjyry Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär

Black Star Burger restoranlar zynjyry Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär

Black Star Burger restoranlar zynjyry Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS habar berýär.

Kompaniýa howa menzillerinde, demir ýol menzillerinde, ýerasty geçelgelerde, seýilgählerde, sport meýdançalarynda we söwda merkezlerinde has köp nokatlary döretmegi maksat edinýär. Şeýle-de Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär diýlip, çeşmede bellenilýär.

Black Star Burger restoranlar zynjyrynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistandaky şahamçanyň açylyşynyň 2024-nji ýylyň güýzünde bolmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň Black Star Burger restoranlar zynjyry 2016-njy ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda onuň ABŞ-da, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda hem-de Özbegistanda şahamçalary bar.

Ýene degişli makalalar

Nokianyň janköýeri Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
BTS-iň ýene bir aýdymy ilkinji onlukda
AnTuTu maý aýy üçin iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingini düzdi
Dawid Diop — Buker baýragynyň eýesi
“Ýewrowideniýe 2021” bäsleşiginiň ikinji ýarym finalynyň ýeňijileri belli boldy
Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy