Black Lives Matter hereketi Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenildi

Black Lives Matter hereketi Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenildi

Jynsparazlyga garşy hereket bolan Black Lives Matter (BLM) 2021-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenildi. Şeýle başlangyç bilen Norwegiýanyň parlament deputaty Petter Eýde çykyş etdi. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, iz.ru habar berýär. Eýdeniň pikiriçe, bu hereket “jyns taýdan kemsitmelere garşy global göreşiň” möhüm bölegi boldy we bütin dünýäde bu mowzuga ýokary ünsi çekmegi başardy.

Black Lives Matter hereketi 2013-nji ýylda esaslandyryldy. Ol 2020-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Minneapolisde polisiýa tarapyndan afro-amerikaly Jorj Floýd öldürilenden soň, uly meşhurlyk gazandy. Şondan soň bu hereket tarapyndan gurnalan nägilelik topary ABŞ-da we birnäçe günbatar ýurtlarynda ýaýrady.

Ýene degişli makalalar

Nokianyň janköýeri Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
BTS-iň ýene bir aýdymy ilkinji onlukda
AnTuTu maý aýy üçin iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingini düzdi
Dawid Diop — Buker baýragynyň eýesi
“Ýewrowideniýe 2021” bäsleşiginiň ikinji ýarym finalynyň ýeňijileri belli boldy
Black Shark 4 Pro aprel aýynyň iň kuwwatly smartfony boldy
Marvel täze filmlerini anons etdi