Бизнес-форум стран-участниц Диалога Центральная АзияЯпония состоялся в Казахстане

Бизнес-форум стран-участниц Диалога Центральная АзияЯпония состоялся в Казахстане

Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anna güni Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen kärdeşini ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp hem-de Astana gelmäge çakylygy kabul edendigi we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini aýtdy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ol däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar barada durup geçip hem-de şu ýylyň iýulynda Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna bu dabara gatnaşandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň işine gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň biziň halklarymyzyň bähbidine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu günki sammitiň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň sebitiň döwletleriniň özara bähbitli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz geçirilen duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine, diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde-de döwletara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna hem-de onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak halkara foruma gatnaşmagyna garaşylýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine geçip, ulag ulgamynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu babatda deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda bilelikdäki işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki bir ileri tutulýan ugry energetika bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gazak Lideri bilen duşuşygynyň barşynda gaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu mesele boýunça gepleşiklere taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtady. Şeýle-de elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-gazak gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, şu ýylyň 25 — 27-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigine ünsi çekdi.

Oktýabr aýynda bolsa ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramak meýilleşdirilýär.Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini oturtmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Çeşme: TDH

Еще статьи по теме

Президент Туркменистана возглавил торжества по случаю Международного дня нейтралитета
Представители стран Каспийского региона обсудят вопросы культурного сотрудничества на медиафоруме в Астрахани
Анонсированы инициативы Туркменистана по укреплению роли ООН в поддержании мира и безопасности
Туркменистан озвучил свои приоритеты для 79-ой сессии Генассамблеи ООН
Туркменистан принял участие в бизнес-форуме Диалога Центральная Азия-Япония
Туркменистан на бизнес-форуме Диалога Центральная АзияЯпония подписал ряд соглашений12 Август 2024 г., 18:01