“Bizi we Döwletimizi Goraýandygyňyz Üçin Size Sagbolsun Aýdýaryn”

“Bizi we Döwletimizi Goraýandygyňyz Üçin Size Sagbolsun Aýdýaryn”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ukrainanyň Harkow şäherinden soň Zaparožýe şäherine bardy.

Zelenskiý mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Zaparožýe şäherinde front liniýasyndaky harby güýçler bilen duşuşandygyny nygtady.

Zelenskiý “Bizi we döwletimizi goraýandygyňyz üçin size sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Rus hüjümlerinde ýogalan ukrainaly esgerler üçin hormatly dymyşlyk eden Zelenskiý, sebitdäki lukmançylyk desganasyna hem baryp gördi.

Rus gabawy sebäpli Mariupol şäherinde göçürlen asuda ilat bilen duşuşan Zelenskiý, “Siziň kynçylyklaryňyzyň çözülmegi üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

Ukrainanyň Prezidenti 29-njy maýda hem rus hüjümleri sebäpli uly ýitgi çeken Harkow şäherine barypdy.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Zelenskiý Russiýanyň Hüjümleri Hayknda Beýanat Berdi
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 1 Çaga Ýogaldy
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar
Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi