“Bizi Rus Terroryndan Gorajak Uzak Aralykly Ýarag Gerek”

“Bizi Rus Terroryndan Gorajak Uzak Aralykly Ýarag Gerek”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Ukrainanyň Poltawa sebitine guran raketa hüjüminde 41 adamyň ýogalandygyny, 180 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Zelenskiý, Telegramdan beren habarnamasynda, Russiýanyň, Ukrainanyň Poltawa sebitine raketa hüjümini gurandygyny mälim etdi.

Hüjümde iki balistiki raketanyň ulanylandygyny aýdan Zelenskiý, hüjüm sebäpli Poltawadaky institutyň bir böleginiň ýykylandygyny we golaýyndaky hassahana hem zeper ýetirlendigini belledi.

Hüjümde 41 adamyň ýogalandygyny aýdan Zelenskiý, 180 adamyň hem ýaralanandygyny ýatlatdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini nygtady.

Ukraina has köp howa goranyş ulgamlarynyň berilmelidigini aýdan Zelenskiý “Bizi rus terroryndan gorajak uzak aralykly ýarag gerek” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukrainanyň Poltawa şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy
Rus goşuny Ukrainanyň Lwow şäherine raketa bilen hüjüm gurady
“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”
Zelenskiý, Rus Goşunynyň Howa Hüjümine Garşylyk Görkezdi
Russiýanyň Ukrainanyň Odessa sebitine guran hüjüminde 3 adam ýogaldy
Bilim forumyna daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berýärler