(Hekaýa)
Ýuriý Bondarew, rus ýazyjysy.
Çylşyrymly agyr işden halys ýadan Pawel Georgiýewiç Safonow Gara deňziň kenaryndaky şypahanada dynç almak maksady bilen ýolhaty aldy. Ýaňy kyrky tegelän Safonow belli uçar konstruktory bolup, ýurduň uly zawodlarynyň birinde zähmet çekýärdi.
Maşgalasy, bir ogly bolan ussat hünärmeniň işi örän jogapkärlidi.Ol günortada gowy dynç alyp, Moskwa dolandy.Otly Safonowyň doglan, önüp-ösen we köp ýyllap bu ýerde bolmadyk şäherçesiniň üstünden geçýärdi. Şonda ol mekdep ýyllaryndaky ilkinji söýgüsi Werany ýadyna saldy.
Dogduk depesini küýsän Safonow şäherçä aýlanmagy, uzak ýyllardan soň üýtgäp, özgeren zatlary gözi bilen görmegi, ýetginjeklik ýyllaryndaky tanyş-bilişleri bilen görüşmegi ýüregine düwdi.Safonow ikirjiňlenmän goşlaryny çemedana ýerleşdirip, awgust aýynyň saba-säherlerinde kiçijik beketde düşüp galdy-da, şäherçä çenli pyýada gitmeli diýen karara geldi.
Otlynyň şakyrdysyndan soň, töweregi ümsümlik gurşap aldy.
Ol uzakly gün şäheri aýlanyp, ony tanamady. Şäherde köp zat özgeren eken, onuň gözüne bu şäherçe hamala diýersiň täzeden gurlan ýalydy.Safonowyň palçykdan salnan kiçijik öýleriniň duran köçesiniň ýerinde indi uly seýilgäh bardy.
Ol kese oturgyçda oturyp, seýilgähi synlady.Bu köçäniň öňki durkundan, onuň çagalyk ýyllaryndaky görnüşinden nam-nyşan galman eken. Şol wagt Safonowyň ünsüni mekdep dosty Witkanyň ýaşan köçesi özüne çekdi.
Ol hakda bir zatlar bilmek isledi: Ýogsa-da, ol niredekä? Ýagdaýy niçikkä?.
Safonow gözleýän jaýyny tapansoň, ol ýerde ony gartaşan aýal garşy aldy:
Ýok, Snegirewleriň maşgalasy uruşdan soň bu ýerden göçüp gitdiler. Olar Swerdlowskda ýaşaýar öýdýän. Witka ol ýerde zawodyň direktory bolup işleýär. Iki ýyl mundan öň zähmet rugsady döwründe bu ýere gelip hem gidipdi. Siz onuň nämesi bolýarsyňyz?
Pawel Georgiýewiç ünsli diňläp durşuna, şlýapasyny çykaryp, başyny sypalady-da, gaýgyly halda başyny ýaýkap:
Men onuň daşgynrak garyndaşlarynyň biri diýdi-de, lapykeç halda assyrynlyk bilen bosagadan aşak düşdi.
Indi nirä gitmeli? Şeýle-de bolsa, ol kimdir birini görmek umydyny ýitirmedi. Ol köçäniň iň soňundaky Weranyň bir wagtlar ýaşan jaýynyň golaýyndaky dermanhanany unutman eken. Her niçik-de bolsa, tolgunyp, bu jaýa ýakynlaşdy. Biraz demini dürsemek üçin derekleriň aşagynda eglendi. Ol maňlaý derini süpürip, jaňyň düwmesine basdy. Gapyny Weranyň garran ejesi açdy. Ony birbada tanamadyk Weranyň ejesi:
Eý, Taňrym Pawluşa, asyl, bu senmi? Sag-aman geldiňizmi?! diýip, Safonowy gujak açyp garşy aldy.
Diwanda jaýlaşykly oturan Safonow hal-ahwal soraşandan soň Weranyň ejesinden:
Wera nirede? diýip sorady.
Pawluşa, habaryňyz ýokdumy? Indi Wera ýok. Ol söweşde wepat boldy, şepagat uýasydy diýip, Weranyň ejesi hamsykdy. Şondan soň, Safonowyň üstüne dünýä ýykylan ýaly boldy.
Ol şäherçedäki tomusky garbanyşhanalaryň birinde uzak wagtlap oturdy, soňra ýene-de aýlanmaga çykdy, ýöne hiç kime gabat gelmedi.Ol agşam sagat ondan işlände ýadaw halda trolleýbus duralgasyna bardy.
Birdenem onuň gözleri öňküsi ýaly saklanyp galan bir wagtky okan mekdebine düşüp, çalt ädimler bilen ol ýere ýöneldi.Safonow mekdep seýilgähinde gezim edip, çagalyk we ýetginjeklik ýyllaryny ýatlady. Şol wagt onuň ýadyna özüniň matematiki geljegine welilik eden Mariýa Petrowna düşdi.
Matematika mugallymy Safonowyň iň gowy görýän mugallymydy. Ýöne ol indi garrap, bütinleý ýalňyz galypdy.Mugallym zenan seýilgähiň bir künjündäki köne jaýda ýaşaýardy.
Seýilgähiň jümmüşine aralaşan Safonow agaçlaryň aşagyndaky kiçijik jaýyň gyzyl perde tutulan penjiresiniň öçügsi ýagtylygyny görüp, tolgunmadan ýaňa demi tutuldy. Olar näçe ýyl bäri biri-birini görmändiler. Ol şu ýerdemikä? Barmyka?
Safonow çekinjeňlik bilen bosagadan ätläp, garaňky dälize girdi-de gapyny kakdy. Jogap bolmansoň aljyraňňy ýagdaýda ýapyk gapyny itdi, ýöne gapy açylmady. Ol öz bolşuny halaman, garaňky däliziň ugry bilen sermenekläp yzyna çykmakçy boldy. Şol barmana hem däliziň gyrasynda duran bedrä büdräp, ala-şakyrdy ses göterildi. Birdenem:
Ol ýerde kim bar? diýen ses eşidildi.
Bedräni galdyrmakçy bolan Pawel Georgiýewiç yzyna garanda, gapynyň işiginden özüne seredip duran gysga boýly horja zenanyň ýüzüni aýyl-saýyl görmese-de derrew tanap:
Mariýa Petrowna, bu men tanadyňyzmy? diýip, ýuwaşlyk bilen seslendi.
Içeri geçiň! diýip, Mariýa Petrowna mylakatlydan agras sesi bilen jogap berdi. Pawel Georgiýewiç bedräni ýerinde goýdy-da, mugallymynyň gözlerine seredip:
Tanamadyňyz öýdýän. Mariýa Petrowna, bu men…
Garry mugallym ony boýdan-başa synlady. Pawel Georgiýewiç ony ýyllaryň näderejede özgerdendigini görüp gynandy, diňe onuň agaran gysga saçlary gözüne tanyş göründi.
Paşa Safonow… Paşa bu senmi? diýende Mariýa Petrownanyň sesi sandyrap çykdy: Geçiň oturyň, öýüň çalam-çaşlygy üçin bagyşlaň! Hany, şu ýere geçiň! Stoluň başyna geçiň, Paşa…
Bolýa, bolýa, men häzir! diýip Safonow, Mariýa Petrownanyň ýeke-täk paltosynyň asylgy duran asgyjynda ýapynjasyny, şlýapasyny gysdyryp durka, şadyýan gürledi. Ýöne ol özüniň edil mekdep okuwçysy ýaly aljyrap gyzarýandygyna düşünmeýärdi. Olar stoluň başyna geçdiler. Mariýa Petrowna, haýsydyr bir pikire gümralyk bilen ýylgyryp:
Bolýar, Paşa, sag-aman geldiňizmi? Tanar ýaly bolmansyňyz. Iş sapary bilen bu ýerlere düşdüňizmi? diýdi.
Men geçip barýardym diýip, ol jogap berdi. Safonow günortada dynç alandygyny aýtmady, sebäbi bu hakda aýtmak bimanydy we oňaýsyzdy.
Häzir bileje çaý içeris… Biraz garaşyň, men häzir çaý demläýin diýip, Mariýa Petrowna ýerinden turdy, birdenem ysgyndan gaçan ýaly ýene-de oturdy-da horja ellerini stoluň üstünde goýup, ynamsyz ýylgyrdy. Hawa, Paşa… Men asla garaşamokdym, Paşa Safonow…
Mariýa Petrowna, çaý hökmän däl. Men ýaňyja agşamlyk edindim diýip, Safonow aljyraňňy seslendi.
Ol diňe Mariýa Petrowna bilen gürleşip oturmak isleýärdi. Ýöne Mariýa Petrowna, ony diňlemeýän ýaly, çäýnegi alyp, aşhana ýönelende garry mugallymyň hereketi Safonowa has agyr göründi.
Men häzir, Paşa … Saňa şeýle diýýänim üçin gaty görme. Sen indi…
Ol sözüni soňlaman, aşhana gitdi, demini dürsän Pawel Georgiýewiç uludan demini alyp, töweregine göz aýlady. Öňküsi ýaly saklanyp galan bu kiçijik öýde Mariýa Petrownanyň bir özi ýaşaýardy. Hemme zat öňki bolşy ýalydy: stol, diwardaky haly, kitaplardan doly şkaf; stoluň üstünde bolsa, syýa çüýşesi, bir top depder hem-de ykjam ýitilenen galamlar ýatyrdy.
Eli çäýnekli içeri giren Mariýa Petrowna şadyýan halda:
Ine, hemme zat taýýar! Hany, onda Paşa, sen özüň hakda gürrüň bersene, ýagdaýlaryň niçik? Şeýle-de bolsa, men sen hakynda kän zat bilýän. Gazetlerden makalalaryňyzy, kitabyňyzy hem okadym. Ýogsa-da, sen öýlendiňmi? diýip, gyssanmaç sorady.
Hawa, Mariýa Petrowna diýip, Safonow baş atdy.
Ol oňa şübheliden mylakatly seretdi.
Ýeri onsoň bagtlymyň?
Bagtly ýaly öz-ä, Mariýa Petrowna. Bir oglum bar.
Ol muny eşitmedik ýaly, şobada gürrüňini dowam etdirdi:
Ýeri bolýar. Işleriňiz gowumy? Näme işleýärsiňiz?
Täze taslamanyň üstünde işleýärin, Mariýa Petrowna.
Nähili onsoň, ugruna bolýarmy?
Men entek bilemok. Ýogsa-da, Mariýa Petrowna, gel geçen günler, mekdep ýyllary barada gürrüň edeli.
Mariýa Petrowna başyny ýaýkady-da, pikirlenip şeýle diýdi:
Siziň synpyňyz meniň ýadymda gaty gowy galypdyr. Urşuň öňüsyrasydy. Seniň Witka Snegirew bilen dostlugyň ýadymda.
Mariýa Petrowna, algebradan maňa pes baha goýanyňyz ýadyňyzdamy? Ýalňyşmasam ýedinji synpdakam…
Hawa. Öý işiňi etmeseň-de senden bir zatlar çykjagyna ynanýardym. Matematikadan gowy bilýärdiň, ýöne ýaltadyň.
Ol sözüni soňlamanka çaşkalara çaý guýup, çemçäni eline aldy-da, şeýle diýdi:
Mişa Şehter ýadyňdamy?
Hawa-la! Oňa gözüm gidýärdi. Biz sapakdakak onuň Tatýananyň keşbinden, Akyl zerarly hasratdan ýazan düzmelerini alyp okaýardyk.
Ol žurnalist bolup ýetişdi. Ýurduň hemme ýerine aýlanyp, arasynda daşary ýurtlara-da gidýär, men köplenç, onuň makalalaryny okaýaryn diýip, Mariýa Petrowna ýuwaşja gepledi.
Ol bu ýere geldimi?
Ýok-la.
Düşnükli diýip, Safonow dillendi: Olaryň her haýsy bir ýere dargap gitdiler… Men Witka Snegirewiň Uraldaky zawodyň direktorydygyny eşitdim. Ignatew Senka bolsa uly bir edaranyň başlygy. Men oňa Moskwada gabat gelipdim. Ol hem gelmedimi?
Ýok diýip, Mariýa Petrowna ýuwaşjadan baş atdy-da: Paşa, çaýyňy içsene! diýdi.
Mariýa Petrowna, biziň synpymyzdan bir adam seniň gapyňdan garadymy? diýip, Safonow tolgunyp sorady. Ýogsa-da, Grişa Samoýlow geldimi? Artist.
Men ony diňe kinoda görüpdim, Paşa!
Menem. Bä.. ol hem gelmedi diýsene onda.
Mariýa Petrowna jogap bermedi, başyny sallap, çemçejik bilen çaşkadaky çaýyny garyşdyrdy. Safonow mugallymynyň barmagynda syýa tegmilleriniň galandygyny gördi, nazaryny onuň horja ýüzüne öwrende, ýygyrtlary görüp haýpy geldi.
Mariýa Petrowna, diýmek onda Witka Snegirew bu ýere gelmändir. Ol geçen ýyl bu ýere gelip giden eken diýip, Safonow haýaljakdan gürledi.
Garry mugallym ozalkysy ýaly başyny sallap oturyşyna diňe çaşkadaky çemçesiniň hereketini haýallatdy.
Ýok, gelmedi…
Gelen boldumy?
Bolýa-la.. Sen hany sowamanka çaýyňy içsene.
Mariýa Petrowna, eýsem, saňa olaryň birden-biri hat bir ýazdymy? Wolodýa Boýkow, Nina Winokurowa dagy bardy, ýadyňdamy? Borýa Gmyrýa? Olar barada bir zat bilýäňizmi?
Mariýa Petrowna ýene-de jogap bermän penjirä tarap gözüni aýlady.
Ýok, Paşa. Köplenç meniň ýanyma Kolýa Sibirsew gelýär. Ol magdan käninde işleýär. Durmuşda onuňky ugruna bolmady.
Safonow Kolýa Sibirsewi kynlyk bilen ýadyna saldy. Görnüşine görä, ümsüm, çekinjeň, hiç hili aýratyn ukyby bilen tapawutlanmaýan ol ýigidiň keşbini Pawel Georgiýewiç zordan göz öňüne getirdi.
Ol gaty gowy ýadymda däl, unudypdyryn diýip, Safonow egnini gysdy.
Beýtmäňiz-ä bolanok diýip, Mariýa Petrowna ne kinaýaly, ne-de ýazgarýan äheňde dillendi.
Olar dymdylar. Emma onuň Beýtmäňiz-ä bolanok diýen soňky sözlerinden soň Safonow özüni gaty biynjalyk duýdy, onuň iki manysynyň bardygyna düşündi. Şondan soňky dörän dymyşlykda, çaşkany öňüne süýşürdi-de, şekere elini uzatdy. Şonda ol Mariýa Petrownanyň kitap şkafyna içgin seredip, bir zatlar gözleýändigini gördi. Safonow gaňrylyp seredende birinji hatarda uçar gurluşygy barada ýazan soňky kitabyna gözi kaklyşdy.
Mariýa Petrowna, görýän welin sizde meniň kitabym hem bar öýdýän diýip, ýuwaşja seslenen Safonow bu kitaby mugallymyna ugratmandygy ýadyna düşüp, ökündi.
Hawa, men ony okapdym.
Utanjyndan ýüzi gyzaran Safonow ýerinden turup, şkafdan Uçarlaryň konstruksiýasy atly kitabyny çekip aldy-da, sahypalaryny agdaryşdyryp şeýle diýdi:
Mariýa Petrowna, eger rugsat berseňiz kitaba bir zatlar ýazaýyn?
Birdenem kitabyň içinden kiçijik bir kagyzjyk gaýyp düşdi, howlukmaçlyk bilen kagyza elini uzadan Safonow, onuň gazetden gyrkylyp alnan öz suratydygyny bilip, aljyraňňy halda Mariýa Petrownanyň ýüzüne seretdi.
Oňat kitap eken, uly gyzyklanma bilen okapdym. Ol bolsa, Prawda-dan, Paşa. Ony görenimde saňa telegramma hem ugradypdym diýip, çemçesi bilen çaýyny bulap oturan Mariýa Petrowna jogap berdi.
Safonow özüni ýazgarýan, ýakymsyz bir zady gizleýän mysaly, kagyzy howlukmaçlyk bilen kitabyň içine saldy. Ol özüni gaplap alan utanç duýgusy bilen, iki ýyl mundan ozal beýleki birgiden gutlag telegrammalary bilen birlikde telegramma alandygyny we beýlekilere jogap berse-de, mugallymyna jogap ýazmandygyny ýadyna saldy.
Safonow kitapda ýazan zatlaryny anyk ýadyna salyp bilmese-de, nädip hoşlaşandygyny ýadyna salyp bildi. Ol garry mugallymyň könelen paltosynyň gapdalynda asylgy duran täze ýapynjasyny eline aldy-da, tükeniksiz günäkärlik duýgusy bilen baş egdi. Mariýa Petrowna dälizdäki çyrany ýakyp, ony ugratmak üçin daşary çykdy.
Safonow dymdy. Dymyşlyk ara düşensoň, Mariýa Petrowna çekinjeňlik bilen:
Paşa, siz maňa aýdyň, seniň işiňde meniň sähelçejik goşandym barmy? Iň bolmanda biraz diýdi.
Mariýa Petrowna, siziň aýdýanyňyz näme! Eger-de siz bolmadyk bolanyňyzda! diýip, Safonow aljyraňňy seslendi.
Garry mugallym Safonowyň gözlerine seredip, sandyraýan sesi bilen şeýle diýdi:
Seni görenime gaty begendim. Bu gün mende üýtgeşik myhmanyň bolandygy barada ertir hökman okuwçylaryma gürrüň bererin. Bolýa Paşa, üstünlik ýaranyň bolsun. Bagtly bol…
Olar hoşlaşdylar. Safonow garaňky bagyň içindäki ýodadan çalt ädimler bilen ýöräp barşyna yzyna garaman saklanyp bilmedi. Heniz hem açyk duran gapydan garaňky seýilgähe sary ýagtylyk düşýärdi. Eýwanda duran Mariýa Petrownanyň horja, hereketsiz şekili gapynyň agzynda mese-mälim garalyp görünýärdi.
Moskwa barýança köşeşip bilmedik Safonow, çekip-çydap bolmajak utanç duýgusyny başdan geçirdi. Ol Witka Snegirew hakda, Şehter hakda, Samoýlow hakda birwagtlar bile okan synpdaşlarynyň her biri hakda pikir edip, olara gaharly, gönümel hatlary ýazasy geldi. Ýöne olaryň salgylaryny bilmeýärdi. Ol soňra Mariýa Petrownadan ötünç sorap, uzyn hat ýazmagy ýüregine düwdi, ýöne öýüniň belgisini bilmeýändigine gynandy.
Safonow uly menzilleriň birinde gaharly we ynjalyksyz halda otludan düşdi. Ol poçta bölümine baryp, mekdebiň salgysyna Mariýa Petrownanyň adyna telegramma iberdi. Bu telegrammada diňe iki söz bardy:
Bizi bagyşla!.
Rus dilinden terjime eden Şadurdy Sadykow,
Etrek etrabynyň Magtymguly adyndaky 4-nji orta mekdebiniň mugallymy.