“Bize Kömek Ediň, Sebäbi Bu Ýola Ilkiji Bolup Biz Çykdyk”

“Bize Kömek Ediň, Sebäbi Bu Ýola Ilkiji Bolup Biz Çykdyk”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýa üçin Ukraina hüjüm etmegiň diňe bir başlangyçdygyny, Russiýanyň wagtyň geçmegi bilen beýleki ýurtlary hem ele geçirmek isleýändigini nygtady.

Zelenskiý, wideo ýüzlenmesinde “Russiýanyň Ukrainany basyp almagy diňe bir başlangyç hökmünde göz öňünde tutulypdy. Soň beýleki ýurtlary hem ele geçirmek isleýärler. Russiýanyň arzuwynyň hasyl bolmazlygy üçin özümizi goramaga dowam ederis” diýdi.

Zelenskiý, söweşe garşylyk görkezmeýän we Ukraina ýardam bermeýän bitarap ýurtlara hem çagyryş berdi we munyň has howplydygyny we şol ýurtlaryň ähli zadyny ýitirip biljekdigini aýtdy.

Ýaşamagyň ölümden üstün çykjakdygyna ynanýan ähli halklaryň Ukraina bilen bilelikde söweşmelidigini nygtan Zelenskiý; “Bize kömek ediň, sebäbi bu ýola ilkiji bolup biz çykdyk” diýdi.

Zelenskiý aýratynam Ukrainanyn ýaranlarynyň isleýän ýaraglaryny özlerine berendigini beýan edip, olara sagbolsun aýtdy.

Zelenskiý rus goşunlarynyn gözegçiligindäki ýerlerde ýaşaýan ukrainalylary rus güýçlerine garşy göreşmäge çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”
Zelenskiý Ýeňiş meýilnamasynyň 90 göterimden gowragynyň ýazylandygyny habar berdi
Ukraina Bilen Russiýa Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär
Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär
Russiýanyň Ukrainanyň Poltawa şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy
“Bizi Rus Terroryndan Gorajak Uzak Aralykly Ýarag Gerek”