Bizden öňküler ekdi (türk ertekisi)

Bir gün obanyň baýy öz ýakyn dosty bilen atyna atlanyp, gezelenje çykypdyr. Şol ýere golaý bolan çarbaga girenlerinde ýaşy birçene baran garyp adamyň agaç nahallaryny dikip, oturdyp ýörenine gözi düşüpdir. Hal-ahwal soraşanyndan soňra, baý garra şeýle sowal bilen ýüzlenipdir:

-Nahallaryň näçe ýyldan miwe berer?

-On, on bäş, belki-de käbiri ýigrimi ýyldan.

-Diýmek, eken nahallaryň miwesini iýjegiň gümana-da, şeýlemi?! Onda näme üçin miwesini iýip bilmejek agaçlaryň üçin beýle azap çekip, der dökýäň?

Baýyň bu sowalyna garry şeýle jogap beripdir:

-Oglum, bizden öňküleriň eken agajynyň miwesini biz iýdik. Indi gezek biziňki. Biz ekeli, bizden soňkular hem iýsin. Olar hem bizden görelde alar.

Garrynyň bu jogaby baýyň göwnüne ýarapdyr we bir gysym altyn teňňäni garra uzadypdyr. Onda garry:

-Başgalaryň eken nahaly ençeme ýyl soňra miwe berýär, meniňkiler bada-bat miwe berdi diýipdir. Bu sözlere baý hezil edip gülüpdir we garra ýene bir gysym altyn teňňe beripdir. Onda garry:

-Başgalaryň eken nahaly ýylda bir gezek miwe berýär, meniňkiler birbada iki gezek miwe berdi diýipdir.

Garrynyň sözlerine hezil edip gülen baý hoşlaşyp, öz ýoly bilen boluberipdir.

Hawa, çagalar, adam bir ýagşy işiň başyna baranda hökman onuň miwesini almak, hözirini görmek tamasy bilen barmaly däl. Ýagşy niýet bilen edilen her bir iş öz berekedini artygy bilen getirer.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Milli Bag ekiş güni mynasybetli wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi
Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň howlularyndaky agaçlary çapmak gadagan edildi
Aýallarda ýatgy we göwüs düwünlerini anyklamaga gönükdirilip, ginekologiýa barlaglary geçirilýär
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär
Gazada ýene-de bir ysraýylly esger ýogaldy
Türkmenistanly mugallymlar Germaniýanyň ösen okuw enjamlaryny öwrendiler
Daşoguzly tokaý hojalykçylary şu ýyl 8 müň gektar ýere sazak ekdiler