“Biz Ysraýyla Garşy Söweşmäge Taýar”

“Biz Ysraýyla Garşy Söweşmäge Taýar”

Hizbullahyň Baş sekretarynyň orunbasary Şyh Naim Kasym, Ysraýylyň harby goşunynyň Liwana gury ýerden hüjüm guran halatynda söweşmäge taýardyklaryny aýtdy.

Şyh Kasym, Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Nasrallahyň, Ysraýylyň 27-nji sentýabrda Beýrudyň Dahiýe etrapçasyna guran howa hüjüminde öldürilmeginden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Dahiýe etrapçasyna guralan agyr bombaly hüjümlerde Nasrallah bilen birlikde Hizbullahyň ýolbaşçylaryndan hem ýogalanlaryň bardygyny ýatladan Şyh Kasym, “Hizbullah üçin gysga wagtda Baş sekretary saýlarys. Siz arkaýyn boluň” diýdi.

Ysraýyl bilen söweşiň uzak wagt dowam etjekdigini we bu söweşde ýeňiş gazanjakdyklaryny aýdan Şyh Kasym, “Edil 2006-njy ýylda bolşy ýaly bu söweşde hem Ysraýyla garşy ýeňiş gazanarys”diýip belledi.

Ysraýylyň Hizbullahyň harby toparynyň güýçden gaçmagyna sebäp bolup bilmejekdigini aýdan Şyh Kasym, Ysraýylyň harby goşunynyň Liwana gury ýerden hüjüm guran halatynda söweşmäge taýardyklaryny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Hizbullahyň Täze Lideri Naim Kasym
Türkmenistan serhetdäki howsalaly ýagdaýyň fonunda "Talybanyň" wekillerini Aşgabada çagyrdy
Türkiýede Kitaphanaçylyk
Şeýh Naim Gasym: Sardar Soleimani Yslam dünýäsiniň şehitidir
Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
17.11.2019 | Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar