“Biz Yrakly Türkmenler Hökmünde Türkiýe Respublikasyna Goldaw Berýäris”

“Biz Yrakly Türkmenler Hökmünde Türkiýe Respublikasyna Goldaw Berýäris”

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Etniki we dini toparlardan jogapkär ministri we Yrak Türkmen frondynyň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Aýdyn Maruf, Türkiýäniň Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guraýan operasiýasynyň sebitde durnuklylygyň we asudalygyň üpjün edilmegini maksat edinýändigini nygtady.

Aýdyn Maruf, “Biz Yrakly türkmenler hökmünde Türkiýe Respublikasyna golaw berýäris” diýdi.

Türkmen ministr, wideo ýüzlenmesi bilen Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guraýan “Penje Gulp” operasiýasy hakynda maglumat berdi.

Maruf, ýüzlenmesinde, “Soňky günlerde Türk ýaragly güýçleri tarapyndan terror guramasy PKK-a garşy operasiýa guralýar. Operasiýa sebitiň parahatçylygy we durnuklylygy üçin guralýar. Biz Yrakly türkmenler hökmünde Türkiýe Respublikasyna golaw berýäris”diýip belledi.

Maruf ýüzlenmesinde opersiýada şehit bolanlara Alladan rehnet diledi we hossarlaryna gynanç bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Terrora Uly Zarba Urulýar
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Yragyň Demirgazygyndan Şehit Habary Geldi
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Yragyň Demirgazygynda 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi Ankarada Geçirildi