Biz özümizi näçe ýaşdan bilip başlaýarys?

Biz özümizi näçe ýaşdan bilip başlaýarys?

ABŞ-ly hünärmenler adamlarda ilkinji ýatlamalaryň iki ýarym ýaşynda ýüze çykyp başlaýandygyny anykladylar. Ýöne biz, adatça, islendik wakany ýatlanymyzda, şol wagt özümizi has ulurak ýaly hasaplaýarys.Muňa garamazdan, adamyň ýadyndan irki ýatlamalary çekip almak aňsat — ondan iň ilkinji ýatlamasyny aýtmagy soramak ýeterlik.

Alymlar öz barlaglarynyň çaganyň huşuny ýitirme keselinde gözegçilikler üçin peýdaly bolup biljekdigine ynanýarlar.news.mail.ru amerikaly alymlaryň gelen netijeleri barada giňişleýin maglumat berýär.

Has irki barlaglarda adamlaryň üç ýarym ýaşdan özüni bilip başlaýandygy subut edildi. Ýöne Nýu-Faundlendiň Memorial uniwersitetinden çaga amneziýasy boýunça bilermen, doktor Kerol Peterson hem-de onuň kärdeşleri adamyň ilkinji ýatlamalarynyň ondan has irräk ýüze çykýandygyny aýdýarlar.

Petersonyň aýtmagyna görä, haçan-da adamlardan onuň ilkinji ýatmalary hakynda, soňra bolsa ýene birnäçeleri hakynda sorasaň, ol has ir bolup geçen, hatda ondan bir ýyl öňki wakalary hem ýatlap başlar.

Muňa garamazdan, adamlar ýatlamalarynyň senelerini ýalňyşýarlar we şol döwürde özlerini has ulurak bolan ýaly hasaplaýarlar.Görlüp oturylsa, adamlar bu babatda, hakykatdan-da, ýalňyşýan ekenler.Munuň şeýledigini olaryň şol wakada näçe ýaşynda bolandygyny anyk bilýän ene-atalarynyň sözleri doly tassyklaýar.

Çaga bu waka bolan pursadynda özüniň 3 ýaşyndadygyny aýtdy, ene-atalary bolsa düzetdiler — ýok, şol wagt ol 2 ýaşyndady diýip, Peterson aýdýar.

Peterson ýat, aýratyn-da, çagalaryň başarnyklary we ulularyň ömrüniň ilkinji ýyllaryny ýatlamalaryny öwrenmek boýunça 20 ýyldan gowrak iş alyp bardy. Bu barlaglary geçirmek üçin ol özüniň çaga amneziýasy baradaky ylmy makalalarynyň 10-syny saýlap aldy, şeýle-de 1999-njy ýyldan bäri toplanan, heniz çap edilmedik maglumatlaryny peýdalandy. Toparyň gelen netijeleri Memory žurnalyndaky makalada beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Memorial hassahanalar zynjyry Türkiýäniň iň iri lukmançylyk merkezi
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakowyň Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edilendigine ynanýarlar
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakowyň Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edilendigine ynanýarlar
Adam hukuklaryny goraýan 30-dan gowrak gurama türkmen aktiwistlerine basyşyny bes etmegini Türkiýäniň häkimiýetlerinden talap edýärler
Stambulda ýene bir türkmen aktiwisti tussag edildi
Stambulda Türkmen aktiwistlerine täze hüjüm edildi
EAHK Estoniýa bilen serhedi derýadan ýüzüp geçmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyny watanyna ýollamagy Russiýa gadagan etdi